Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda merdana halkymyz täze zamananyň, döwletli döwranyň bagta beslenýän günlerinde bagtyýar ýaşaýar, ruhubelent zähmet çekýär. Mäkäm jebisleşen agzybir halkymyzyň umumadamzat bähbidini goraýan ynsanperwerlige ýugrulyp hasyl bolan arzuw-umytlary bar. Dünýä taryhyna ser salanymyzda, ýurtlaryň ykbalynda aýratyn ähmiýete eýe döwürleriň, ýyllaryň bolýandygyna göz ýetirýäris. Şol döwürlerde döwletleriň ykdysady, medeni, jemgyýetçilik taýdan uly ösüşlere eýe bolmagy, uly özgertmeleri başdan geçirip, täze derejä göterilmegi şeýle diýmäge esas berýär. Gahryman Arkadagymyzyň berkarar eden beýik işleri türkmen topragyny tanalmaz derejede özgertdi. Ýurdumyzyň çar künjeginde wajyp gurluşyklaryň, ägirt uly desgalaryň düýbi tutulyp, täze senagat kärhanalary guruldy, öňden hereket edýän zawoddyr fabrikler döwrebaplaşdyryldy, tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyryldy, sanly ulgam durmuşymyza giňden ornaşdyryldy, bu ugurdaky belent maksatlar häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Welaýat merkezleri, etraplardyr obalar döwrebaplaşdyryldy. Ýurdumyzyň ýüregi Aşgabat diňe bir sebitde däl, eýsem, kämil binagärligiň, gözelligiň, ilatyň bagtyýar ýaşaýşy, durmuşy üçin ýokary derejeli şertleriň kemala getirilen ak şäheri bolup, dünýäde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ösen senagat döwletine öwrülmek babatda batly gadamlar bilen öňe ilerleýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýylyň-ýylyna iri önümçilik desgalary işe girizilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilen özgertmeler, ýetilen belent sepgitler bolsa ullakan deňiz ýaly gözýetmez. Ol ümmülmez deňziň kenarlary bolsa günsaýyn giňelmek bilen. Şol deňze iň bolmanda, bir damja goşant goşmak bolsa biziň her birimiziň mukaddes raýatlyk borjumyzdyr.
Aýsoltan BERDİÝEWA
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy