Ata Watanymyzda her bir günümiz ýatda galyjy pursatlara beslenýär. Başy başlanan döwletli işler halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döwrebaplaşdyrmakda täze ädim bolup taryha ýazylýar. Ýaş nesillerimize bildirilýän beýik ynamyň alamaty bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hem täzeden-täze başlangyçlaryň binýady goýulýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, olaryň innowasion platformalardan kämil baş çykarmagy, döwrebap hünärleri ele almagy üçin ähli amatly şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlaryň uly güýç bolup durýandygyny yzygiderli nygtaýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň: «Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr» diýen parasatly sözlerini ýol-ýörelge edinip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşinde ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, millilik ruhunda terbiýelemekde uly işler alnyp barylýar. Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň geçirilmegi, onda guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerine seredilmegi hem-de degişli Kararnamanyň kabul edilmegi bu iri guramanyň iş usullarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryna jogap edip, ýaşlara bildirýän uly ynamyny ödemek üçin Arkadagly Serdarymyzyň çuň manyly her bir sözünden, nusgalyk şahsy göreldesinden ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda öňde goýlan ägirt uly wezipeleri durmuşa geçirmekde, ýaşlary döwrebap terbiýelemekde yhlasly zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys. Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik hemde sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän, türkmen ýaşlaryny baky bagtyýarlyga alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!
Yslamberdi TYLLANUROW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy