Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ýaşlar-döwletimi­ziň ýagty geljegidir

  • 01.03.2023
  • Häzirki wagtda döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, türk­men ýaşlary milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýetilýän sepgitlere, gazanylýan ösüşlere mynasyp goşant goşýarlar. Mu­nuň özi ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň has­da dabaralanýan­dygyny tassyklaýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleri ählitaraplaýyn bilimli, ylymly, ussat hünärmenler edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu jähet­den, ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk ylym­-bilim almagy, häzirki şertlerde ylmy­ tehniki öňe gidişlige çalt uýgun­laşmaklary üçin giň şertler döredilýär. Belläp geçsek, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistan­da sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem üs­tünlikli amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde bilim alýan ýaşlary okatmakda täze sapaklar girizilip, bilim edaralarynyň maddy­ enjamlaýyn binýady berkidilýär. Bilim terbiýeçilik edaralaryna ýokary hilli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, yzygiderli onlaýn usulda sapaklar guralyp, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Bu bolsa ýaşlaryň akyl ukyplaryny netije­li peýdalanmaga, kompýuter tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýaşlaryň ylym­-bilim ulgamynda kämilleşmegi bilen bagly işleriň ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýändigini subut edýär.

    Ýunus ABDULLAÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir