Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy, hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde, ýurdumyzda her bir ýylymyz täze üstünlikleriň başy bolup gelýär we buýsandyryjy netijeler bilen jemlenilýär. Ýaşlaryň gurmak, döretmek, bilimleriň, ylmy gözlegleriň täze belentliklerini eýelemekdäki kuwwatyna, başarnygyna ýokary baha berýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen, 2023-nji ýylyň şygarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde, hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň giň mümkinçilikleri açyp bermegi netijesinde, türkmen ýaşlary bilimde, ylymda, tehnikada, sportda we beýleki ugurlarda dünýä ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen egin deňläp, täze belentlikleri eýeleýärler. Häzirki wagtda ýörite tassyklanylan resminamalar esasynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek, ýurdumyzyň ylymda, bilimde we sportda abraýyny goramak, täze ylmy açyşlara gözükmek babatda ýaşlarymyza möhüm orun degişli edilýär. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen, ýaşlarymyz ýurdumyzyň we dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okap, bilimleri ele alyp, ýurdumyzy mundan beýläk hem ösüşlere alyp gitjek bitewi, agzybir, mizemez hünärmenler kuwwatyny emele getirýärler. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýaşlar barada döwlet derejesinde edilýän aladalar barada ýene-de bir mertebe durup geçmek ýakymlydyr. Mälim bolşy ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna» ýurdumyzyň ýaşlary mynasyp taýýarlykly geldiler. 2022-nji ýylyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ýaşlary bilen birnäçe ýola duşuşyklary, maslahatlary geçirip, ýaşlara döwletimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasat ugurlary, bu ugurlarda ýaşlarymyzyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada parasatly maslahatlary, öwüt-ündewleri berdiler. Şonuň ýaly-da, ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. «Ýaşlar syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Durmuşymyza ýaňy gadam basan 2023-nji, ýagny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ýurdumyzyň ýaşlarynyň özleri hakynda edilýän asylly aladalara jogap edip, halal zähmetde, bilimde, ylymda, sportda, ähli ugurlarda täze üstünlikleri gazanjak ýyly bolar diýip ynam bilen aýtmak bolar. Hormatly Prezidentimiziň: «Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir» diýen parasatly öwütlerinden ugur alýan ýaşlarymyz şu ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyna jemlenmek bilen, öz öňlerinde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar we täze zähmet üstünliklerine badalga aldylar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diňe bir ýaşlar üçin däl-de, tutuş halkymyz üçin bagtyýar geljegiň buşlukçysydyr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň ýoly bilen hormatly Prezidentimiziň daşyna jebis jem bolan ýaşlarymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň, halkymyzyň abadan durmuşy, bagtyýar ertirleri ugrunda dünýä nusgalyk işleri amal edýärler. Biz ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýar geljegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Milli Liderimize, Arkadagly Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli işlerinde hemişe üstünlik arzuw edýäris.
Ýazmuhammet TEGELEKOW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty