Diýarymyzda hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda alnyp barylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri üçin ygtybarly we durnukly hyzmatdaşa öwrüldi. Döwletimiz dünýäde bütin adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde oňyn başlangyçlar bilen öz mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde mundan beýläk-de pugtalandyrmak, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ekologik ulgamda halkara gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda giňeltmäge uly ähmiýet berýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýalary bilen biragyzdan tassyklanan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde, adamzadyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz meseleleri sazlaşykly çözmekde, durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmekde, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilen netijeli gural hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistan özüniň Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga giren ilkinji gününden başlap, BMG-niň Tertipnamasynyň, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň, esasy konwensiýalarynyň hem-de Baş Assambleýanyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň halkara namalarynyň kadalaryny we ýörelgelerini berjaý etmäge borçlandy, şeýle hem bu ulgamdaky alnyp barylýan hyzmatdaşlygyny has-da giňeltdi. Halkara derejesinde dürli ugurlarda bilelikde durmuşa geçirilýän we amala aşyrylýan taslamalar, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taýýarlanylan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnamalar Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň depginli häsiýete eýedigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen 77-nji sessiýasynyň 45-nji umumy mejlisinde biragyzdan kabul edilen 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan edilendigini bellemek has ýakymlydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji umumy mejlisinde Türkmenistan tarapyndan teklip edilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanandygyny hem bellemek gerek. Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda dünýä nusgalyk oňyn tejribeleri toplady. Türkmen döwleti bu gün halkara derejesinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar.
Ýusup HOJAMYRADOW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby