Senagat we gurluşyk pudagy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyklary zerur bolan önümlerdir beýleki serişdeler bilen üpjün edýär. Şunda hormatly Arkadagymyzyň tagallalary bilen gurlup, bu gün üstünlikli hereket edýän gurluşyk önümçiligi boýunça kärhanalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak esasy wezipe bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan «Bäherden», «Balkan», «Lebap» sement zawodlary, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, Gazbeton öndürýän zawod, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy we durky täzelenip, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, gurluşyk-gurnama önümlerini öndürýän kärhanalar, kuwwatly owradyjy-saýlaýjy enjamlar toplumlary bilen üpjün edilen kän müdirliklerdir hojalyklar, esasy tehnologik enjamlarynda hem-de ulgamlarynda dikeldiş, düýpli abatlaýyş işleri geçirilen Ýaşlyk keramzit zawody we başgalar senagat pudagynyň kuwwatyny has-da artdyrmaga amatly şertleri döredýär.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu strategiýanyň netijesinde, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän senagat kärhanalary gurulýar, häzirki zaman ulag we durmuş düzümleri kemala getirilýär, giň gerimli ýaşaýyş jaý gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklary, şol sanda ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçilik binýadynyň kuwwatlyklary artdyrylýar. BuSement zawodlary Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar üçin zerur bolan ýokary hilli sementiň üpjünçiliginde möhüm orun eýeleýärler. Olaryň hersiniň kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna barabardyr. Häzirki wagtda ildeşlerimiziň müňlerçesini iş bilen üpjün edýän bu zawodlarda önümçiligiň çig maly hökmünde, esasan, ýerli serişdeler ulanylýar. «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy bolsa ýurdumyzda gurluşyk işleri üçin gerek bolan demir önümlerini öndürýän ilkinji kärhanadyr. Bu gün agzalan kärhananyň dürli ölçegdäki demir önümleri diňe bir eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda ulanylman, eýsem, ýurdumyzyň çäginden uzaklarda-da giňden isleglidir. Onda öndürilýän önümlere sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilmegi, ilkinji nobatda, önümleriň ýokary hili bilen baglydyr.
Aýnazar ŞANAZAROW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby