Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ähli halkymyz, şol sanda ösüp gelýän ýaşlar, döwletimiziň döredip berýän giň şertlerinden peýdalanyp, ajaýyp döwrümizi gurmaga, ýurdumyzy dürli pudaklar babatda ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzyň 28-nji ýanwarynda bolup geçen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre boldy diýip aýtmak bolar. Çünki onda ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň özlerine bildirýän belent ynamlaryny ödemek babatda öňde duran möhüm wezipeleri kesgitlemek we durmuşa geçirmek babatda möhüm çözgütler kabul edildi. Garaşsyzlyk eýýamymyzda ýurdumyzda ýaşlara aýratyn üns berilýär. Ýaşlaryň durmuş-ýaşaýyş şertleri, öz höwes bildirýän ugurlary boýunça okap bilim almaklary, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle-de, ýaşlaryň bir maksada jem bolup, öz mesleelrini özbaşdak çözmekleri, bilimlerini, başarnyklaryny Garaşsyz döwletimiziň ösüşleri üçin bagyş etmeleri üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, onuň ýerlerdäki Geňeşleri möhüm gural bolup hyzmat edýär.
Ýurdumyzda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylmagy döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň bagtyýar şu günki durmuşlary, geljekki abadan ýaşaýyşlary barada edilýän aladalaryň aýdyň görkezijisi boldy. Bu gezekki gurultaýa jemlenen ýaşlar häzire çenli ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatyny deň-duşlaryň we halkyň arasynda mynasyp wagyz etmekde, geçen ýylda bolup geçen VII gurultaýda öňde goýlan möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişine baha berdiler. Okuw we hünär işleri, ylmy gözlegleri bilen ýokary netijeleri gazanan ýaşlara dürli sowgatlar gowşuryldy.
Gurultýada ýaşlaryň adyndan hormatly Prezidentimize ýüzlenme kabul edilmegi bu möhüm çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýan waka boldy. Munuň özi ýaşlarymyzyň hormatly Prezidentimiziň daşynda bir maksada jemdigini aýan edýän buýsandyryjy pursatlar boldy.
Biz mundan beýläk-de Milli Liderimiziň görkezen ýoly bilen, hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, ýurdumyzy mundan beýläkki ösüşlere alyp gitmäge mynasyp goşandymyzy goşarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, döwletli başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!
Güljennet AMANGELDİÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby