Ýurdumyza mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren bagty, üstünlikleri barada gürrüň edilmeli bolanynda, ozaly bilen, ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny berkitmek, jemgyýetiň kadaly ösüşlerini ýola goýmak babatda amala aşyrylýan beýik işler göz öňüňde janlanýar. Türkmenistan Prezident Respublikasy görnüşinde dolandyrylýan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, özüniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki mertebe ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk ýol-ýörelgelerini gözüniň göreji deý gorap saklaýar. Dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýan gatnaşyklary ösdürýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň 11-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Onda ýurdumyzyň ýokary wekilçilik we kanunçykaryjylyk edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek babatda möhüm meselä seredildi. Gahryman Arkadagymyz: «Siziň bilşiňiz ýaly, durmuş bir ýerde durmaýar, yzygiderli ösüp-özgerip barýar. Täze kadalardyr ýörelgeler bilen baýlaşýar we öňki garaýyşlar üýtgäp, başga many-mazmuna eýe bolýar. Şoňa laýyklykda, jemgyýetiň esas goýujy hukuk binýady hem hemişe kämilleşdirilip durulýar» diýip belledi. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibi bilen, ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, milli parlament edarasyny bolsa bir palataly görnüşe geçirip, ony Türkmenistanyň Mejlisi diýip atlandyrmak barada karar kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň şu günki ösýän talaplara laýyklykda öňe süren teklibi we bu teklibiň bilelikdäki maslahata gatnaşan Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň biragyzdan goldamagy esasynda, Türkmenistanyň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde Türkmenistanyň Halk maslahatyny döretmek, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes etmek, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek barada teklip bilen Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenmek hakynda hem karar kabul edildi. Karar bilen, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda» Karar kabul etmek, bu konstitusion toparyň ýanynda gelip gowuşýan teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak boýunça iş toparyny döretmek bellenildi. Şeýlelikde, 21-nji ýanwarda bolup geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde bu öňde agzalan meseleler barada taýýarlanylan resminamalar kabul edilip we makullanylyp, olar Arkadagly Serdarymyz tarapyndan tassyklanyldy. Halkymyz geçen döwürleriň dowamynda öz başynda durup, ýurdumyzy ösüşler ýoly bilen öňe alyp gitmekde milli Lideriň ornuna ýokary baha berdi we bu möhüm orunda diňe Gahryman Arkadagymyzy görýändigini öz erk-islegini erkin beýan etmegi esasynda mälim etdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çekmegi bilen, Gahryman Arkadagymyz bellenildi. Halkymyz il-ýurt, döwlet ähmiýetli meseleleri maslahatlar, geňeşler arkaly çözmek babatda diýseň ajaýyp taryhy tejribäniň eýesi bolupdyrlar. Häzirki Garaşsyzlyk eýýamymyzda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ajaýyp tejribe zamanabap galyplarda, halkara demokratik ýörelgeleriň iň gowy nusgalary bilen baýlaşdyrylyp, milli döwlet we jemgyýetçilik gurluşymyza üstünlikli ornaşdyrylýar. Halkymyz il-ýurt, döwlet ähmiýetli meseleleriň çözgüdine gös-göni ýa-da öz saýlan wekilleriniň üsti bilen gatnaşýar. Täze döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň Başlygynyň we beýleki döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly we ýaş nesliň wekilleriniň gatnaşmagy bu beýik hakykata aýdyň şaýatlyk edýär. Bu aýdyň hakykat häzirki Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde nesilbaşymyz Oguz han Türkmen döwründen bäri dowam edip gelýän milli demokratiýamyzyň täze zamanabap röwüşlerde dabaralanýandygyny görkezýär. Biz Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň bagtyýar geljegi babatda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, il-ýurt bähbitli işlerinde üstünlik arzuw edýäris.
Rejepmyrat MYRATBERDİÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri