Sanly özgertmeler röwşen ertirleriň güwäsidi
Ösüşleriň uly tizligine beslenýän häzirki döwründe dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň ygtybarly durmuş ulgamy sanly ykdysadyýetdir. Şu jähetden, dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň arasynda arzyly orna eýe bolan Türkmenistanda milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak işi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýedir.
Ýurdumyzda sanly ulgamyň doly ornaşdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, onuň kanunçylyk binýady hem yzygiderli ösdürilýär. Sanly ulgamyň konseptual resminamasynyň we Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa, ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiliginiň berk binýadynyň goýulmagyna we senagat-innowasion ykdysadyýete geçmäge täze mümkinçilikleri açýar. Öz nobatynda, kuwwatly döwletimizde amal edilen şeýle sanly özgertmeleriň netijesinde önümçiligiň ähli ugurlaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyna amatly şertleri döretdi. Bulardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetindäki sanly ulgam bilen bagly alnyp barylýan işleriň ümzügi ileri. Ol özgertmeler bolsa biziň we geljekki nesillerimiziň eşretli durmuşynyň hem-de röwşen ertirleriniň güwäsidir.
Begenç GURBANMYRADOW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby