Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda demokratik, hukuk, dünýewi ösüş ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda röwşen geljegimiz bolan ýaşlara möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň ösüşine, rowaçlygyna mynasyp goşant goşýan zähmetsöýer, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, zehinli, gujurly ýaşlar Watanymyzyň buýsanjydyr. Durmuşda ýaşlyk düşünjesi täzeçillik, joşgun, dostluk, kämillik, söýgi, umyt-arzuwlar ýaly düşünjeleri özünde jemleýär. Her bir döwletiň taryhy ösüşi köp babatda yhlasly, döredijilikli zähmet çekýän ýaşlara baglydyr. Ata Watanymyz bu günki gün ählumumy ykrar edilen kadalara laýyklykda, ýaşlaryň ýaşaýşyny, hukuk goraglylygyny hem-de durnukly ösüşini, olaryň bilim, ylym, hünär başarnyklaryny üpjün edýän dünýäde parahatçylyksöýüjilikli ýörelgeleri dabaralandyrýan ýurt hökmünde ykrar edilýär. Ýaşlara döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde kämil hünärli, ýokary ahlakly we ruhubelent nesiller kemala gelýär. Ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer daşary we içeri syýasatyndan ruhlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary hilli innowasion binýatly döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly döwlet hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda üstünlikli zähmet çekýärler. Bu günki gün sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak bagtyýar çagalaryň we ýaşlaryň durmuş ýörelgelerine öwrüldi. Ynha bu ýyly hem «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilmegi ömrümize şandyr. Asyrlaryň akabasy, nesilleriň ybadaty bolup gelen hoş günler kalplaryň zynaty, ak arzuwlary wysala öwrüp, bagtyýarlyk peşgeş berdi. Seýle ajaýyp günlerde 28-nji Sentýabrda Paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky gurultaýyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň döwrebap bilimli, aň-düşünjeli bolup, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn ýetişmekleri baradaky meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň beýik özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegini hut ýaşlar bilen baglanyşdyrýar. Öňde goýlan beýik maksatlara ýetmekde ýaş türkmenistanlylara uly orun degişlidir. Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek we beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen ýaşlarynyň agzybirligini, Watanymyzyň röwşen geljeginiň hem-de täze taryhy eýýamyň beýik taglymlarynyň dabaralanmagynyň hatyrasyna döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebisleşýändiklerini ýene bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi. Biz 2023-nji – «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» hem sarpasy belent Gahryman Arkadagymyza, ýurdumyzyň ösüşli menzillerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!.
Serdar BAÝRAMDURDYÝEW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby