Arkadag şäheriniň çäginde «akylly şäher» konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen desgalaryň gurluşygynda ekologiya taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagy we ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilmegi esasy talap bolup durýar. Arkadag şäheri döwletliligimiziň altyn şuglasydyr. Özgerişiň, bagtyň, buysanjyň mukamydyr. Täze şäheriň tekiz köçeleriniň, şaýollarynyň boljakdygy, olaryň gurluşyk we bezeg işleriniň aýratyn ünsli çemeleşmek bilen ýerine ýetirilýändigi geljegiň aýdyň hakykatyna şu günden berk ynanmaga mümkinçilik berýär. Islendik ýurduň ösýändigine, özgerýändigine gurluşyk ulgamynda ýerine ýetirilýän işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Gurmak döwletliligiň, berkararlygyň aýdyň alamaty, geljege gönükdirilen işleriň ynandyryjylykly nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz gurmak, döretmek ýoluny ynamly ýöretmek bilen, ýurdumyzy uly gurluşyk meýdançasyna öwürdi. Türkmen topragy şeýle giň gerimli gurluşyk-gurnama işlerini hiç haçan gören däldir. Bagtyýarlygyň nyşany bolan kaşaň binalar, giň we ýagty ýollar, ajaýyp seýilgähler obadyr şäherlerimize gelşik berýär. Dünýäde gurýan döwlet gurply hasaplanylýar. Gurmak üçin uly möçberde maliýe serişdeleri, çig mallar, gurluşyk önümleri, dürli kysymly, kuwwatly gurluşyk tehnikalary we gurallary, şeýle-de adam güýji zerur bolup durýar. Şu sanawda görkezilenleriň ýurdumyzda ýeterlik möçberlerde bolmagy, esasan bolsa, gurmaga, döretmäge berk erk-islegiň bolmagy şeýle tutumly işleriň barha rowaç almagyny şertlendirýär. Ýurdumyz, şeýle-de raýatlar üçin bähbitli möhüm işler üstünlikli dowam etdirilýär. Hawa, gurýan döwlet gurpludyr, kuwwatlydyr. Şeýle döwletde ýaşamak bolsa bagtdyr.
Myratgeldi GURBANOW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby