Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ýaş nesliň ýürek buýsanjy

  • 06.02.2023
  • Uly umytlar, ýagşy arzuw-niýetler bilen garşylanan täze 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylmagy ähli halkymyzy geljekki üstünliklere galkyndyrdy. Bu ajaýyp at ýaş nesilleriň Watana bolan söýgüsini, döredijilikli durmuşa bolan höwesini, zähmete bolan yhlasyny has-da artdyrar. Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşlar biziň başyny başlan işimiziň mynasyp dowam etdirijileridir» diýip belleýär. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Şeýle hem şol ýylda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu möhüm wakalar, kabul edilen resminamalar üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylmagynyň özboluşly binýadyny emele getirdi. Arkadagly Serdarymyzyň: «Biz halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň watansöýüjiligine, zehinine, yhlasyna daýanyp, täze ýylda-da eziz Watanymyzy rowaçlyklaryň ýurduna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris» diýen parasatly jümleleri ýaşlara bildirilýän uly ynamyň aýdyň mysalydyr. Ynha şul ajaýyp ýylda 28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi. Şol gurultaýda mana hem Hormatly Prezidentimiziň   Arkadagly Serdarymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, şa serpaýlaryna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Biz ýaşlara bildirilýän uly ynamdan ruhlanyp çekýän zähmetimize berlen şeýle uly baha üçin  buýsanjymyzyň çägi ýokdyr.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylyny hem ylymda, bilimde, ykdysadyyetde medeniýetde  we beýleki zerur ugurlaryň ählisinde mynasyp zähmet üstünliklerine beslemek biz yaşlaryň ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň öňündäki mukaddes borjumyzdyr. Şeyle buysanjyň eýesi bolan biz-ýaşlara ähli babatda görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda asylly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

    Söýenç AHMEDOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby
    Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir