Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly»

  • 25.01.2023
  • Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Çünki her ýyly özünde çuňňur manyny, belent maksatlary, aýdyň wezipeleri kesgitleýän özboluşly şygar bilen atlandyrmak halkymyzy hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşdirip, beýik ösüşlere ruhlandyrýar. Ýagşy niýetler bilen garşylanan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» hem halkymyzda uly buýsanç döredip, hususan-da ýaş nesillerimiziň ata Watanymyza bolan söýgüsini, döredijilikli durmuşa bolan höwesini, zähmete bolan yhlasyny has-da artdyrýar, belent maksatlara ruhlandyrýar. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze okgunly gadamyny aňladýar.
    Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Serdarymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirmeginde, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda – syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda günsaýyn beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen ilimiz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. Biz ýaşlaryň Hak Howandary, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän, ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!


    Begli GURBANOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir