Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

 «Watan diňe halky bilen Watandyr!»

  • 18.01.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ösüşi ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mazmun taýdan kämilleşdirmäge, demokratik edaralaryň işine häzirki zaman ölçeglerini we kadalaryny ornaşdyrmaga, döwletiň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, adamyň döredijilik mümkinçiligini açmaga, raýatlaryň hukuklaryny we azatlygyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen özgertmeler bilen häsiýetlendirilýär. Öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basmagy bilen, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de berkitmek, ylym-bilimi, medeniýeti dünýä derejesine ýetirmek üçin Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan oňyn tejribeleri netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilik döredi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hakynda taryhy teklibi öňe sürdi. Bu agzybir halkymyzyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhdan döwlet gurluşy babatda toplan dünýä nusgalyk tejribelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge giň mümkinçilik berer. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen şygarynyň durmuş hakykatyna öwrülýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Halkyň bähbidine hyzmat edýän ýokary wekilçilikli edaranyň döredilmegi ýurdumyzy ykdysady taýdan has kuwwatly döwlete öwürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmekde möhüm ädime öwrüler. Berkarar Watanymyz bu gün beýik ösüşlere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde obalarymyz, şäherlerimiz we şäherçelerimiz özgerýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda uly sepgitlere ýetilýär. Halkyň bähbidine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek boýunça taryhy başlangyçlaryň ähmiýetini giň köpçülige düşündirmek babatda uly tagalla etjekdigimize ynandyrýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ýurdumyzyň geljegi üçin alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!


    Bahar ABAÝEWA
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir