Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Arkadag şäherinde akylly ulgam

  • 17.01.2023
  • Arkadag şäherinde akylly ulga
    Akylly tehnologiýalar durmuşymyza barha giňden ornaşýar. Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde akylly ulgamyň giňden ornaşdyryljakdygy ýurdumyzyň dünýä ösüşi bilen aýakdaş gopýandygynyň guwandyryjy görkezijisidir. Biz hem akylly ulgamlar barada gysgaça gürrüň etmegi makul bildik
    Akylly duralga. Akylly duralga ulaglaryň geljek wagtyny habar berýär. Şeýle-de ýolagça ulag serişdeleriniň gatnaw tertibi, ýöreýän ugry we petekleriň bahasy barada maglumatlary berýär. Bu duralgalarda mugt Wi-Fi-dan peýdalanyp bolýar.
    «Akylly ýolyşyk» ulgamy. «Akylly ýolyşyk» ulgamynyň işi çatryklarygeçirijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu işler ýolyşyklaryň umumylaşdyrylan dolandyryş düzümi arkaly amala aşyrylýar. Bu ulgam gözegçilerden, kameralardan we çatryklarda ulaglaryň toplanyş derejesine baha berip, bu baradaky maglumatlary merkezi dolandyryş serwerine habar berýän datçiklerden durýar.
    ABŞ-nyň Karnegi-Mellona uniwersitetiniň alymlarynyň hasaplamalaryna görä, «Akylly swetofor» ulgamynyň ornaşdyrylmagy sürüjileriň ýolda geçirýän wagtyny 25 göterim tygşytlamaga, atmosfera zyýanly maddalaryň zyňylmagyny 21 göterim azaltmaga mümkinçilik berýär.
    «Akylly kitaphana» ulgamy haýsy kitabyň köp ýa-da az okalýandygy, haýsy bölümlerde iş ýüküniň köpdügi-azdygy baradaky maglumatlary-da jemläp, bu netijäniň hasabyny ýöredip durýar. Akylly kitaphanalar aýratynlykda däl-de, tutuş bir ulgam görnüşinde göz öňünde tutulýar. Munda, esasan, kitaphanalaryň sazlaşykly hyzmatlary zerur. Ýagny üpjünçilikde, energiýa serişdelerini, işgärleriň we okyjylaryň işini, wagtyny tygşytlamakda akylly ulgamyň mümkinçilikleri uludyr. Binanyň awto­mat­laş­dy­ry­lan in­že­ner­çi­lik ul­ga­my maglumatlary geçirmegiň we hasaba almagyň umumy toruna birikdirilýär. Ulanylmaýan otaglary ýylatmak ýa-da sowatmak, şeýle-de ýagtylyk üçin artykmaç energiýa sarp edilmeýär. «Akylly ulgam», hatda binada bejergi we abatlaýyş işleriniň zerurlygyny-da  anyklap, bu barada habar berýär.

    Rahymgeldi RAHMANGELDİÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir