Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

«Ýylyň gelşi äheňinden maglumdyr»

  • 15.01.2023
  • Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarýyly» diýlip yglan edildi. Indi ençeme ýyldan bäri ýyllary şygar bilen başlap, şöhrat bilen ugratmak asylly däbe öwrüldi. Halkymyzyň arasynda ýoň bolan şeýle jümle bar: «Ýylyň gelşi äheňinden maglumdyr». Hawa, bu ýylyň öz äheňi, öz heňi bilen ýurdumyzyň taryhynda altyn möhrüni goýjakdygyna ynamymyz uludyr. Tamamlanýan her ýyl öz şöhratly sahypasyny şanly wakalary bilen dolduryp gidýär. Ine, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem şeýle taryhy ýyllaryň biri boldy. Çünki baýramlaryň goşa­-goşadan gelip, şanly seneleriň uludan bellenilýän ýyly bolan bu ýyl halkymyzyň hakydasynda, ýurdumyzyň taryhynda ýatdan çykmajak wakalara diýseň baý boldy. Olaryň mysalynda Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ynm etmegi bilen ýurt başyna geçmegini buýsanç bilen aýtmak bolar. Ýyl­lar ýyl­lar­dan zy­ýa­da Hor­mat­ly Pre­zi­den­timiziň baş­da dur­ma­gyn­da toý­la­ry-toý­la­ra ulaş­ýan Di­ýary­myz­da Tä­ze ýyl baý­ra­my hemuly ru­hu­be­lent­lik­de bel­le­nip, 2023-nji ýy­la gadam ba­syl­dy.  Bu gün Ar­ka­dag­ly Ser­dary­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­ky­myz bag­ty­ýar dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni görüp ýa­şa­ýar we yh­las­ly zäh­me­ti bi­len ösü­şiň tä­zemen­zil­le­ri­ni na­zar­la­ýar. Mu­nuň özi türk­men hal­ky­nyň nu­ra­na ge­le­je­ge bo­lan yna­my­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ýar. Nu­ra­na ar­zuw­lar we ýag­şy di­leg­ler bi­len ga­dam ba­san tä­ze – 2023-nji ýy­ly­myzyň hem ozalky aja­ýyp ýyl­lar ýa­ly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­rys. Arkadag Serdarly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly hem­mä­mi­ze bagt ge­tir­sin! Hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy, Wa­ta­ny­my­zyň ro­waç­ly­gy ug­run­da ir­gin­siz zäh­met çe­kip, uly ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

    Näzli BAÝRAMOWA
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir