Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Halkara ähmiýetli başlangyçlar

  • 14.01.2023
  • Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy, taýsyz tagallalary, beýik başlangyçlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni rowaçlyklara, üstünliklere beslenýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň: «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygaryny baýdak edinen halkymyzyň Arkadagly Serdarymyza bolan beýik ynamynyň, çuňňur hormatynyň miwesidir. Garaşsyz, dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet bolan ata Watanymyz Türkmenistanyň ösüşleri dünýä bileleşikleri, halkara guramalar, şeýle-de tutuş yklym tarapyndan giňden goldanylýar. Dünýäniň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly üns berýän döwletimiz özüniň ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine eýerip, ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatyny giňden ýöredýär we dürli ugurlarda açyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklary bilen birlikde biziň döwletimiz iri halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly birnäçe abraýly halkara düzümler bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär.
    Soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygyň ugruny hasda berkidýän hemişelik Bitarap Türkmenistan BMG-niň çäginde döredilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň sanawyna dünýä ýurtlarynyň goşulmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şu nukdaýnazardan hem, ýurdumyzda alnyp barylýan iň bir möhüm ugurlaryň biri bolan daşary syýasat strategiýamyz ýurdumyzyň içerki we dünýä derejesinde kabul edilen kada-kanunlaryna ygrarly bolup, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýolunda tutanýerli işleri amala aşyrýar.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ösüşlerden-ösüşlere beslenýän mähriban Diýarymyzda döwlet Baştutanymyzyň il bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

    Allanur AGABAÝEW
    Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky gözegçilik geçiriş ýeriniň migrasiýa nokadynyň kiçi gözegçisi, leýtenant

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir