Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

  • 12.01.2023
  • Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek hakynda

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan taryhy tejribesine daýanyp, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşmak, Garaşsyz Watanymyzda ýetilen sepgitleri, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi täze derejelere ýetirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 801-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

    1. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde, Maslahat köşgünde geçirmeli.

    2. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri ýerli wekilçilikli edaralaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň teklipleri esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyna gatnaşmak üçin teklip edilýän jemgyýetçilik wekilleriniň sanawyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň garamagyna 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryna çenli hödürlemeli.

    3. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahatyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işleri utgaşdyrmaly, bu işlerde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermeli.

    4. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahatyny geçirmek bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maliýeleşdirmeli.

    Türkmenistanyň Prezidenti
    Serdar Berdimuhamedow.

    Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 11-nji ýanwary.

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir