Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

«Ar­ka­dag Ser­dar­ly bagtyýar ýaşlar ýyly»

  • 10.01.2023
  • Uly arzuw-umyt­lar bi­len gar­şy­la­nan 2023-nji ýy­ly­«Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaşlar ýy­ly» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy äh­li hal­ky­my­zyň, esa­san hem ýaş ne­sil­leriň ata Wa­ta­ny­my­za bo­lan söý­gü­si­ni, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mä­ge bo­lan yh­la­sy­ny has-da art­dyr­ýar. Bag­ty­ýar ýaş­la­ry tä­ze mak­sat­la­ra, be­lent üstün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda bagtyýar ýaşlarymyz döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda zähmet çekýärler. 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň nyşanynyň umumy mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen barýan Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujurly we gaýratly zähmet çekjekdigini suratlandyrýar. Ýylyň dowamynda döwletimiziň, halkymyzyň ýürek buýsanjy boljak bu nyşan nesilleriň arabaglanyşygyny, ýagty geljegimizi, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýar. Ýaşlar hakyndaky aladalary döwlet syýasaty derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garap, olara uly ynam bildirýär. Ýaşlaryň hem hormatly Prezidentimiziň belent ynamyny ödemekde ata Watanymyza mynasyp, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly nesiller bolup, ýurdumyzyň ösüşlerine goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynanýarys. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle belleýär: «Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaşlar ruhubelentlik bilen üstünlik gazanýarlar, ylym-bilimde, sportda öz başarnyklaryny görkezýärler. Munuň özi olaryň kämilligini, ýurdumyzda ýöredilýän syýasatyň oňyn netije berýändigini aýdyň beýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň röwşen geljegi ugrunda uly aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleri rowaç bolsun.

    Atamyrat TÄÇMUHAMMEDOW
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir