Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Arkadag Serdarly ýaşlar ynamly öňe barýar

  • 07.01.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler ýurdumyzyň ösüşini üpjün edýär. Äh­li ugur­la­r­da üs­tün­lik­le­re bes­le­nen 2022-nji ýyl ta­mam­lan­dy. Türkmen halky uly ösüşler bilen 2023-nji ýyla gadam basdy.  2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip  atlandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaşlara bildirýän uly ynamyň döwridir. Ýaşlara buýsançly nazar bilen bakylmagynyň aňrysynda hem uly many bar. Ýurdumyz ähli ugurlary öz içine alýan döwrebap täzelenişleriň ruhy bilen täze ösüşlere eýe bolýar. Aýdyň geljegi nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan asuda, abadan döwletimiziň, eşretli eýýamly, döwletli-döwranly halkymyzyň ykbalyny özgerdýän tä­ze röw­şen za­ma­na — Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwri türkmen jemgyýetiniň durmuşyna täzeçe röwüş çaýýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleriň, eýelenýän sepgitleriň giň gerimlidigini bellemek uly buýsançdyr. Ynha, Arkadag şäheriniň iň döwrebap keşbi ösüşleriň has-da rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Bu ajaýyp şäher halkymyzyň bagtyýarlygynyň, eşretli durmuşynyň ýene bir ugrudyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde, ösüşleriň mekanyna öw­rü­len Türk­me­nis­tan ýur­du­myz­da ýa­şa­mak, gel­jek ne­sil­le­re gu­wan­mak,beýik işlere buýsanmak egsilmez bagtdyr. Agzybirlik, ruhubelentlik we ynam ähli ösüşlerimiziň we berkarar döwletimizde eýelenýän täze sepgitleriň gönezligidir. Bu gün şeýle ajaýyp durmuşyň goýnunda döwran sürýän merdana türkmen halky döredýär, gurýar. Şeýle beýik ösüşleri, ajaýyp durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri üstünliklere beslensin!


    Dürli AGAÝEWA
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir