Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

«Ar­ka­dag Ser­dar­ly bagtyýar ýaş­lar »

  • 03.01.2023
  • «Berkarar döwletiň täze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda ýurdumyzda beýik işler alnyp barylýar, ösüşiň aýdyň ugurlary kesgitlenilýär. Şeýle hem häzirki döwürde sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, dürli ugurlary sanly ulgam esasynda alyp barmaga aýratyn üns berilýär. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzy döwrebap ösüşlere eýe edýär, ylmyň iň täze gazananlary bilen öňe gitmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ynha, Arkadag şäherinde hem sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerini görmek bolýar. Bu bolsa durmuşymyzyň düýpli özgerendigini, ösen ýaşaýyş şertleriň döredilýändigini görkezýär. Arkadag şäheriniň tebigatyň iň gözel ýerinde ýerleşýändigini, jana şypaly howasynyň bardygyny hem aýratyn belläsimiz gelýär. Döwletimizde şäher ekologiýasynyň sazlaşygyny nazarlaýan oňyn tejribäniň özleşdirilmegi buýsançly ýagdaýdyr. Şeýle tejribäniň netijeli taslamalaşdyrylmagy şäheriň gurluşynda ekologiýa taýdan amatly usullaryň ulanylmagyny öz içine alýar. Bu işlerde şäher gurluşygy, şäheriň arassaçylygy, ekologiýa täsirler we geografik ýerleşişi ýaly dürli ugurlaryň, jemgyýet bilen tebigatyň özara sazlaşygy bolan aýry-aýry ugurlaryň seljerilmegine esaslanylýar. Häzirki wagtda halkara tejribesinde ekologiýa ylmynyň şäher ekologiýa ugrunyň seljerilmegi we özleşdirilmegi netijesinde, tebigy we durmuş gurşawynyň sazlaşygy esasynda ýörite taslamalaşdyrylyp gurulýan «eko şäherleriň» sanynyň barha artýandygyny hem görmek bolýar. Şonuň üçin hem şäheriň okgunly ösüşi, hususan-da, gurluşyk ulgamynda dürli maksatly desgalaryň gurulmagy daşky gurşawyň goragynyň üpjün edilmegini nazarlaýan ekologiýa talaplaryň berjaý edilmegi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan bir bitewi ulgamy emele getirýär. Şäher gurluşygynyň döwrebap ösdürilmegi ynsan ýaşaýşy üçin ähli amatly şertleri döredýär. Umuman, adamyň islendik hereketiniň, şol sanda jemgyýetçilik işjeňliginiň hem islendik ugrunyň tebigata we onuň düzümleriniň sazlaşygyna täsir edýändigi nukdaýnazaryndan, her bir döwletiň innowasion häsiýetdäki daşky gurşawy goraýyş ulgamynyň işjeňligi şol jemgyýetiň howpsuz we durnukly ösüşine itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ösüş maksatnamasynda ileri tutulýan şäher ekologiýa sazlaşygy adam hakyndaky aladanyň iş ýüzündäki beýany bolmak bilen, döwrebap ekologiýa täzeçillikleriň özleşdirilmegi bilen utgaşykly sazlaşýar. Munuň özi bolsa bu döwrebap şäherde ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulandygyny, adamlaryň oňat ýaşamagyna gönükdirilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilendigini beýan edýär. Ösüşleriň, özgertmeleriň, täzelenişleriň ýurduna öwrülen Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, döredýän giň mümkinçilikleri esasynda ösýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan we jem­gy­ýe­ti­miz­de giň­den ara al­nyp masla­hat­la­şy­lyp ka­bul edi­len «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­tanyň Ka­nu­ny ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de ýaş­lar üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri gi­ňelt­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Her ýy­ly döw­re­bap at­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky asyl­ly dä­be eýe­rip, ýur­dumy­zyň mi­nistr­lik­le­rin­de, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da, iri jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­rin­de ge­çi­ri­len mas­la­hatlar­da 2023-nji ýy­ly «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýyly» di­ýip at­lan­dyr­mak ha­kyn­da öňe sür­len hem-de äh­li hal­kymyz ta­ra­pyn­dan giň­den gol­da­ny­lan köp san­ly tek­lip­le­ri na­za­ra alyp, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy, me­de­ni dur­mu­şyna ýaş­la­ryň do­ly de­re­je­de gat­naş­ma­gy üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek, ýaş ne­sil­le­ri hal­ky­my­zyň ru­hy-ah­lak däp­le­ri, wa­tan­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik, zäh­metsö­ýer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek, ola­ryň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy iş­jeň­li­gi­ni, şah­sy baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­mak we hö­weslen­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­tanyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si ka­rary bilen 2023-nji ýy­ly «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýyly» di­ýip yg­lan etdildi.


    Şamuhammet RAHMANBERDİÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir