Şu günler mähriban halkymyz Täze — 2023-nji ýylyň şanly baýramçylygyny uly zähmet üstünliklerine besleýär. 2021-nji ýyl eziz Watanymyzyň durmuşynda hiç wagt ýatdan çykmajak taryhy wakalara, amal edilen beýik işlere baý boldy. Adam hemişe arzuwly ýaşaýar. Arzuw gursagymyzda mekan tutunyp, bizi daş-töwerege ynamly bakdyrýar. Arzuw ýürek tarlaryna kakyp, barlyk aýdymyna hiňlendirýär. Guşlaryň ak asmanda ganat kakyşyna öýkünýän ýürekler heýjana gelýär. Bu jadydan kalbyň joşar. Haýran galyp durşuňa uludan demiňi alarsyňda, tämiz aýazly howany gursagyňa sorarsyň. Şo pursat göwünlere ganat biter. Aýazly ýelleri mekan tutunan atlar jylawyny dartyp, tüweleýler bilen Arşa göteriler-de, ertekilere dolanan mähriban ülkä aýlanar. Ertekilere gaýra dur diýdirýän, eý, eziz toprak, mähriban Watan! Täze ýyl öwüşgininde sen nähili ajap, nähili owadan!Baýramçylyk mynasybetli Aýazbabanyň jadylar horjunynyň agzy bir ýana serpiler. Onuň içinde körpeleriň Täze ýyl arzuwlarynyň barysy jemlenipdir. Ertekiler äleminiň täsin ýaşaýjylary daşyňda şüweleň gurap pyrlanar. Aýazly ýelleriň gülgün tolkunynda ýanyňa ýüzüp gelen altyn balyjagy diýsene! Ol tylla guýrugyny bir aýlanda, gözüň öňünde täsin görnüşler janlanýar. Ho-ol beýlede, ak garly sähralar göm-gök deňiz tolkunlary bilen tapyşýan ýerde belent binalar görünýärle. Ol-a salgym däl, men muny magat bilýän. Ol berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň buýsanç buşlukçysy — görkana Watanyň ak kepderi ýaly ak binalary bolmaly. Gurmak, döretmek ýoluny saýlap alan ildeşlerimiz eziz topragymyza watançylyk yhlasynyň biçak owadan keşdesini çekýär. Ak paýtagtyň gözel keşbini bu günler görmäge göz, waspyny ýetirmäge sözleriň çemeni gerek. Oklaw ýaly giň köçeleri, şäheriň her bir binasy, döredijilik ylhamyna beslenen seýilgähleri Täze ýyl bezegine beslenipdir. Köçeleriň ugrunda, paýtagtyň iň gelim-gidimli ýerlerindäki derek boýly gök arçalar synasynda altyn almalary, elwan şarlary, ap-ak gar tozgajyklaryny, tylla monjuklary, jadyly şemleri jemläpdir. Asyl, jümle-jahan Täze ýyl jadysyna berlip durana meňzeýär. Täze ýyl ýetip gelýär! Ýurdumyz 2023-nji ýyly garşylamaga taýýarlanýar. Täze ýyl baýramynyň ýakymly howasy bar ýere ýaýraýar. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda täze ýyly garşy almak boýunça uly işler ýerine ýetirilýär. 2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny uly üstünlikler bilen tamamlaýan halkymyz her bir baýramçylygy garşy alanda, ilkinji nobatda, agzybirligi we jebisligi, asudalygy we parahatçylygy arzuw edýär. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda täze ýyla uly hyjuwly barýan halkymyzyň zähmetsöýerligi 2023-nji ýyla uly sowgat bolup durýar. Goý, mähriban halkymyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen ýeneki Täze ýyllara alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyñ janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aganazar ALTYÝEW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy