Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Türk­me­nis­tan Be­ýik Ýüpek ýo­lu­nyň ýü­re­gi­dir

  • 25.12.2022
  • Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hakdan halatly, köňli sahabatly Gahryman Arkadagymyz bilen, Arkadagly Serdarymyz bilen ak ertirleri nazarlap ynamly öňe barýan Berakar döwletimiziň her bir güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmek barada edýän aladalary, kabul edýän barasatly we il ýurt bähbitli kararlary netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda gurluşyk ulgamynda hem uly üstünliklere beslenýän giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýylda ajaýyp desgalar, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, ýokary tizlikli täze ýollar, köpriler, ýerüsti we ýerasty geçelgeler gurlup ulanmaga berilýär. Bu gurulýan desgalaryň düzüminiň yzygiderli döwrebaplaşmagyna we bu ulgama ylymyň we tehnologiýanyň iň soňky gazanlarynyň ornaşdyrylmagyna aýartyn ähmiýet berilýär. Ýol­lar öý bi­len öýi, halk bi­len hal­ky ýa­kyn­laş­dyr­ýar. Yn­san öm­ri, ne­sil do­wa­ma­ty ýol­lar­da be­re­ket tap­ýar. Ýol, ru­hy nuk­daý­na­zar­dan bol­şy ýa­ly, geog­ra­fik jä­het­den-de dost­luk, pa­ra­hat­çy­lyk, ag­zy­bir­lik ýa­ly dü­şün­je­le­ri özün­de jem­le­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýol dü­şün­je­si has-da gi­ňe­di: bu gün dün­ýä­de söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gyn­da we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gyn­da ýol­la­ra, üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň örän jaý­dar nyg­taý­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi­dir. Şo­ňa gö­rä-de, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň amat­ly çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän Türk­me­nis­ta­nyň ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­mek ba­bat­da giň müm­kin­çi­lik­le­ri bar. Bu bol­sa bi­ziň ýur­du­my­zyň çä­gin­de hal­ka­ra äh­mi­ýet­li de­mir, aw­to­mo­bil, de­ňiz we der­ýa, ho­wa ýol­la­ry bo­ýun­ça döw­re­bap üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni hem-de lo­gis­tik mer­kez­le­ri eme­le ge­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýol-gurluşyk infrastrukturasynyň ösdürilmegine, özgerdilmegine, üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagyna  möhüm üns berýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda awtoulag ýollarynyň durkunyň täzelenmeginiň, şaňlap ýatan, aýna ýaly, dünýä ülňülerine gabat gelýän giň, ikitaraplaýyn gara ýollaryň çekilmeginiň halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagynda, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary-nyň ösdürilmeginde iňňän uly ähmiýeti bardyr. Durky täzelenýän tämiz ýollar, olarda howpsuz hereket edýän dürli kysymly häzirki zaman awtoulaglary halkymyzyň şu günki ýaşaýyş-durmuş derejesinden habar berýär. Dürli kysymly, biri-birinden owadan hem tämiz awtoulaglar — ýollarymyzyň bezegi. Olar alysymyzy ýakyn edip, gündelik baryş-gelşimizi üpjün edýärler. Halkymyzda ýol gurmak iň sogap işleriň hatarynda görülýär. Ata-babalarymyz ýol gurana uly sarpa goýup, hemişe alkyş aýdypdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde ata-babalarymyzdan gelýän şeýle sogaply işlere aýratyn ähmiýet berilmegi, asylly ýörelgelere eýerilmegi we olaryň döwrüň ruhuna laýyklykda kämilleşdirilmegi diýseň begendirýär. Ine, şu günki waka hem Arkadagly ajap zamanada ýol gurmak ýaly sogaply işleriň rowaçlanýandygyny äşgär edýär. Ulag pudagy dünýäde ählumumylaşmak hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendiren ýagdaýlaryň biri bolup, ösüşiň häzirki tapgyrynda sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Ýurdumyzyň iň döwrebap üstaşyr ulag düzümini hem-de aragatnaşykdyr telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatda, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda ädýän ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebitiň ösüşine-de kuwwatly itergi berdi.


    Söýenç AHMEDOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby
    Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir