Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

İnnowasion tehnologiýalara daýanýan senagat

  • 14.12.2022
  • 2022-nji ýylda üstünlikleriň binýady berkden tutulýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi jemi içerki önümiň ösüş depginini geljek 30 ýylda ösdürmäge oňyn itergi berýär. Şeýle hem, ykdysadyýetiň pudaklarynyň senagatlaşdyrylmagyna, elektron senagatynyň ornunyň ýokarlanmagyna, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine getirýär. Ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanyp, dünýä bazarlaryna aralaşmagy üçin hem täze mümkinçilikleriň döredilmegine oňaýly ýardam berýär. Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän uly mümkinçilikleri ýurdumyzda sarp edilýän harytlaryň önümçiliginiň ýylsaýyn artdyrylmagyny şertlendirýär. Döwlet tarapyndan berilýän uly goldawlaryň netijesinde, ýokary hilli, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümler öndürilip, haryt bolçulygy üpjün edilýär, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagynyň hasabyna import azaldylyp, eksport önümleriň möçberleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzda kiçi, orta we iri telekeçiligiň ösdürilmegi baradaky tagallalaryň, hemaýat-goldawlaryň netijesinde, ykdysadyýetiň hususy böleginde innowasion tehnologiýalara daýanýan senagat, oba hojalyk we gurluşyk kärhanalaryny özünde jemleýän telekeçiler gatlagy emele geldi. Hususy bölegi döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk binýady we hojalyk ulgamy döredildi. Ýeňillikli karzlaşdyrmak işi ýola goýlup, eksporta gönükdirilen we importuň ornuny tutýan önümçilikler peýda boldy. Şeýlelikde, senagatda, gurluşykda, oba hojalyk toplumynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy amala aşyrylyp başlandy.

    Amanmyrat AÝMYRADOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir