Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ykdysady özgertmeler zamany

  • 13.12.2022
  • Ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýokary hilli milli önümlerimizi öndürmek, olaryň eksportyny artdyrmak babatda ul;y işler durmuşa getirilýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da artyp, halkymyzyň hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan milli ykdysadyýeti, gurluşyk we senagat toplumlaryny ösdürmek babatda başlangyçlary bu günki gün ýurdumyzda özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Ýurdumyzda öndürilýän çig malyň hasabyna işleýän gaýtadan işleýän senagat toplumlary sazlaşykly işleri bilen ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini barha ýokary derejelere çykarýarlar. Döwletimiz pudaklaryň işine hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Şeýle-de, şu günki himiýa senagatynyň ösüşlerine ýurdumyzyň we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi oňyn netijelerini berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda nebit we gaz çig malyny gaýtadan işlemegiň hasabyna alynýan önümleriň görnüşi we möçberi yzygiderli artýar. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň çäginde döredilýän täze önümçilikler munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de, tebigy gazyň hasabyna işleýän we önüm öndürýän Garabogazkarbamid, Gyýanlydaky Polimer zawody, Ahldaky gazdan benzin öndürýän zawod we beýleki köp sanly önümçilikler ýurdumyzyň häzirki zaman gaýtadan işleýän senagat döwletine öwrülýändigini äşgär görkezýär. Biz ýurdumyzy aýdyň ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyza uzak, ömür, jan saglyk arzuw edýäris.

    Meret SERDAROW
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň  talyby 

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir