Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, milli maksatnamalar we durmuşa geçirilýän taslamalar adam hakynda aladalardan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmagy babatda edýän aladalary Bitarap döwletimiziň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýä ýüzündäki abraýyny belende göterdi. Döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerinde özara düşünişmek, diplomatik gepleşikler arkaly özara bähbitli ýollary saýlamak bilen, oňyn çözgütlere gelinýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda barha ilerleýän beýik ösüşler abadançylygyň, bagtyýarlygyň badalgasydyr. Şu günki gün milli ykdysadyýetimiziň ösmegi netijesinde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi-de barha ýokarlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda täze-täze taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Taryh gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan şol taslamalaryň hatarynda paýtagtymyzyň häzirki zaman ösüşlerini şöhlelendirýän tapgyrlaýyn ýaşaýyş jaý we edara binalarynyň gurluşyklaryny, Ahal welaýatynda gurulýan täze dolandyryş merkeziniň şäherini mysal; getirmek bolar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň şan-şöhratyny has-da beýgeltjek şol gurluşyk desgalarynyň doly tamamlanyp ulanylmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş we täze iş orunlary bilen üpjünçilik derejesi has-da gowulanar. Biz halkymyzyň ýagty geljeginiň hatyrasyna il-ýurt bähbitli beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda rowaçlyk arzuw edýäris.
Batyr DURDYÝEW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby