Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ulag-üstaşyr infrastrukturasy kämilleşdirilýär

  • 09.12.2022
  • Sebitiň iri ulag-üstaşyr merkezleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň abraýy barha belende göterilýär. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen türkmen topragy taryhyň bütin dowamynda öz üstünden iň gysga we hoewpsuz kerwen ýollaryny geçiripdir. Häzirki zaman ölçeglerine bap gelýän derejede gurulýan awtomobil we demir ýollary, howa we deňiz-derýa gatnawlary bu taryhy ýoluň zamanabap röwüşde gaýtadan dikeldilmegini we ösdüdirlmegini alamatlandyrýar. Häzirki döwürde Aşgabatda, Türkmenabatda, Kerkide täze Halkara howa menzilleri gurlup, olar üstaşyr howa gatnawlaryny amala aşyrmakda uly ähmiýete eýe bolýarlar. Şeýle hem Türkmenbaşyda, Daşoguzda, Maryda durky düýpli täzelenilip, büs-bütin täze ölçeglerde işe girizilen Halkara howa menzilleri öz üstlerinden has uly howa gämilerini ― aerobuslary geçirmäge we olara ýangyç guýmaga ukyplydyr. Şular ýaly howa, deňiz-derýa, awtomobil we demir ýol edaralary döredileninde, olar arkaly ulaglaryň, ýükleriň, ýolagçylaryň howpsuz, ekologiýa babatda arassa şertlerde hereket etmäge ukyplylygy, howa, demir ýol we deňiz menzilleriniň, awtoterminallarynyň öz üstünden ulaglary we ýolagçylardyr ýükleri geçirijiligi aýratyn hasaba alynýar. Bu nukdaýnazarlardan alnanda, Türkmenistanyň deňiz, howa, awtomobil, demir ýol ulgamlary häzirki zaman ösen talaplaryna laýyklykda gurlandyr, Şeýle-de, ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi dünýä ýurtlarynyň, abraýly halkara guramalarynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny has-da ýygjamlaşdyrmaga bolan höwesini artdyrýar. Bu ösen islegleri has-da giňden kanagatlandyrmak üçin Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty gurlup ulanylmaga berildi. Munuň özi deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň öz ýüklerini Hazar deňziniň üsti bilen gysga hem ygtybarly ýollar arkaly Ýewropa, Gara deňziň portlaryna çykarmak mümkinçiligini artdyrdy. Häzirki wagtda Garabogazköl aýlagynyň üstünden gurluşygyna badalga berlen köpri Gündogar ― Günbatar ugry boýunça gatnadylýan ýüklerden daşary Demirgazyk ― Günorta ugry boýunça gatnadylýan ýükleri Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we ondan aňryk Ýewraziýa giňişliklerine çykarmaga mümkinçilik berer. Biz ýurdumyzyň ulag-üstaşyr infrastrukturasyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berýän Arkadagly Serdarymyza jan saglykl, döwletli işlerinde hemişe üstünlik arzuw edýäris. 

    Wepa RASULOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby 

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir