Bu gün ýurdumyzda täze döwrüň ruhuna laýyklykda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler döwletlilik esaslarymyzyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Häzirki wagtda eziz Watanymyz galkynyş döwrüni başdan geçirýär. «Galkynyş» düşünjesi mazmuny boýunça ýokary göterilişi, öňe ilerlemegi aňladýar. Galkynmak, ösmek, ösüşde täze menzilleri nazarlamak üçin ýurtda jemlenen tebigy, zähmet we maliýe serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy, rejeli peýdalanylmagy zerur şertleriň biri. Hususan-da, dünýä ösüşiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde ykdysady kuwwatymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin şol serişdeleri netijeli dolandyrmak meselesi strategik ähmiýete eýe. Şunuň bilen birlikde, ol dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Hemişe döwleti dolandyrmagyň netijeli usullarynyň gözleginde bolmak, ýurduň ösen derejesine laýyk gelýän dolandyryş mehanizmlerini ornaşdyrmak döwlet gurluşynyň kämilleşdirilmegine itergi bermek bilen bir hatarda, şeýle çemeleşmeler dünýä giňişliginde bolup geçýän üýtgeşmelere çalt uýgunlaşmaga hem mümkinçilik döredýär. Kämillik, goý, ol adam durmuşyna ýa döwlet gurluşyna degişli bolsun, tapawudy ýok, hemişe hil taýdan ösmegi aňladýar. Kämillige ymtylmak, hemişe özüňi taraşlap ýörmek — beýikleriň ýoly. Bu kanunalaýyklyk döwleti döwlet etmek, ony has netijeli dolandyrmak ugrunda edilýän irginsiz tagallalarda-da aýdyň ýüze çykýar. Şunda döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde sebitleýin syýasata wajyp orun degişlidir. Bu syýasatyň oýlanyşykly alnyp barylmagy bolsa sebitleriň, ahyrky netijede, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, durnukly ösüşiň gazanylmagyna şert döredýär. Sebitleriň gyradeň ösüşini gazanmak häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleriň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň düýpli özgerdilmegine aýratyn üns berilmegi, ilkinji nobatda, olaryň bitewi ykdysady ulgamyň aýratyn düzümleri bolup durýandygy, sebitleriň her biriniň ykdysady deňagramlylygy we durnuklylygy üpjün etmekde tutýan ornunyň uludygy bilen baglydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» sebitleriň döwrebap ösüşini üpjün etmäge gönükdirilip, bu maksatnamalaryň çäklerinde welaýatlaryň şäherlerini we obalaryny ösdürmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Sebitleriň ösüşini çaltlandyrmak şu günüň wajyp meseleleriniň biri bolmak bilen, ol ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde täze sepgitleriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda sebitleri ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak boýunça iri taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylmagy durmuş-ykdysady öňegidişligi üpjün etmekde bu meseleleriň näderejede möhümdigini görkezýär.
Atamyrat TÄÇMUHAMMEDOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy