Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ulag we aragatnaşyk ulgamy

  • 29.11.2022
  • Ýurdumyz örän amatly ýerde, ýagny Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollarynyň hem-de aragatnaşyk geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýär. Ýurdumyzda sebitara we halkara ähmiýetli ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, iri maýa goýum taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça üstaşyr ýük geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ulanmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa diňe bir milli ykdysadyýetimiziň gülläp ösmegi üçin uly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň sebitleriniň we yklymlarynyň arasyndaky ykdysady-söwda gatnaşyklarynyň has giň gerim bilen ösmegine uly ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça üstaşyr ýük daşamak kuwwatyny artdyrmak, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek mümkinçilikleri çäksiz uludyr. Mümkinçilikleriň işjeň ulanylmagy tutuş sebitiň hem yklymyň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine uly itergi berer. Hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde mähriban halkymyz eşretli, asuda hem abadan durmuşa eýe boldy, obadyr şäherlerimiz günsaýyn gözelleşip, ata Watanymyzyň at-abraýy Arşa göterildi. Bu ajaýyp üstünliklerimiziň sakasynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. 


    Arslan TEJENOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir