Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Bitaraplyk baky bagtymyz

  • 23.11.2022
  • Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň beýik taryha, maddy we ruhy gymmatlyklara eýe bolan halkdygyndan habar berýär. Bu gün halkymyz hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, pähim-parasada ýugrulan içeri hem-de daşary syýasatyna daýanyp, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy özüniň birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Onuň iň esasy aýratynlygy bolsa dünýäniň iň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilendigidir. Bu ýagdaýy Gahryman Arkadagymyz şeýle beýan edýär: «Eger men biziň Bitaraplyk nusgamyz halkara-hukuk tejribesinde täze bir gudrat, aýratynlyk boldy diýsem, ulaldyp aýtdygym bolmaz. Ol bitaraplyk babatdaky häzire çenli göz öňüne getirilýän düşünjäni düýbünden üýtgetdi. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň BMG derejesindäki halkara-hukuk görnüşinde bolmagy ony has durnuklaşdyrýar we berkidýär». Bitaraplygyň halkymyza beren bagty tükeniksizdir. Bitaraplyk ýurdumyza dünýäde we sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşmaga, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Türkmen halky Bitaraplygyň beren şeýle giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly ösüşlere eýe boldy. Ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we ylym-bilim ulgamlarynda düýpli özgertmeleri amala aşyrdy. Ýurdumyz BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen döwlet hökmünde dünýäde we sebitde parahatçylygy gorap saklamak babatda özüniň oňyn başlangyçlary bilen çykyş edýär. Döwletimiziň parahatçylyksöýüjilik häsiýetine eýe bolan we ählumumy bähbitleri nazarlaýan asylly başlangyçlary dünýä döwletleri hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldaw tapýar. Türkmen Bitaraplygynyň parahatçylygy gorap saklamaga gönükdirilendigini ýurdumyzda 2015-nji ýylda «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly», 2020-nji ýylda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», 2021­nji ýylda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygarlaryň ýylyň şygary hökmünde saýlanyp alynmagy hem doly güwä geçýär


    Babamyrat AGAMYRADOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir