Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

«Gara altynyň» mekany

  • 16.11.2022
  • Täze taryhy eýýamyň ak ýollaryndan röwşen geljegine barýan mähriban Watanymyzda ägirt uly tebigy baýlyklary ählumumy bähbitlere gönükdirmekde belent sepgitler nazarlanýar. Bu bolsa, öz nobatynda, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini öndüriji ýurt hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýä dolan abraý-mertebesini belende göterýär. Geljekde hem tebigy baýlyklarymyzy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirmek Arkadagly Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.  
    Dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolýan şeýle döwletli tutumlaryň rowaçlygyna mynasyp goşant goşmak welaýatymyzyň nebit-gazçylarynyň hem asylly maksatlarynyň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen döwründe «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri tarapyndan gaz kondensaty bilen bilelikde ýer astyndan çykarylan «gara altynyň» umumy möçberi 2 million 731 müň 111 tonnadan geçip, meýilnama 100,7 göterim hötde gelindi. Şeýle zähmet üstünligine ýetmekde döwlet konserniniň «Gumdagnebit», «Keýmir», «Galkynyşnebit», «Ýaşyldepe» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň hem-de «Körpeje» gaz çykaryş müdirliginiň işgärleri göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezmegi başardylar. Çykarylýan uglewodorod çig maly ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýjilerine bökdençsiz ugradylýar.  


    Amanguly AMANKULİÝEW
    Ýagşygeldi 
    Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir