Türkmenistanyň Prezidentiniň ekologiýa babatdaky we adamzadyň howpsuz ýaşamagynyň beýleki ugurlary boýunça başlangyçlarynyň çuňňur ylmy we amaly esasy umumadamzat bähbidine gönükdirilendir. Ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalar, şol sanda energiýa üpjünçiligi çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk namalary gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Esasy Kanunymyzyň kadalarynda energiýa üpjünçiligi çygryny düzgünleşdirýän düzgünler öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzda energiýanyň çeşmeleri bolup durýan ýerüsti we ýerasty baýlyklaryň, suwuň, ösümlikleriň we haýwanat dünýäsiniň şeýle hem beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi berkidilendir. Şeýle hem döwletiň ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýändigi, her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludygy görkezilendir. Häzir Türkmenistanyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň geljekki ösüşine onuň ekologiýa ugruny göz öňünde tutmazdan garamak mümkin däldir.
Hatyja AŞYROWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby