Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ýol-ulag düzümi barha kämilleşýär

  • 12.11.2022
  • Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr düzümi barha kämilleşýär we giňeýär. Muňa ýurdumyzyň üstaşyry we ýurduň içinde peýdalanmak maksady bilen gurulýan awtomobil we demir ýollary, howa we deňiz-derýa gatnawlary aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly zolakda ýerleşmegi dünýä döwletleriniň we abraýly iri kompaniýalarynyň Türkmenistan döwletimize barha artýan gyzyklanmalaryny şertlendirýär. Türkmen topragynyň üsti bilen Demirgazyk ― Günorta we Gündogar ― Günbatar ugurlar boýunça ýükleri we ýolagçy gatnawlaryny tiz, ýokary amatlykly geçirmäge örän oňaýly şertler bardyr. Bu tebigy mümkinçilikler Garaşsyzlyk ýyllarymyzda, hususan-da, mähriban Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden ýyllarynda giňden peýdalanylmaga başlady. Gysga döwür içinde Demirgazyk ― Günorta ugry boýunça Gazagystan ― Türkmenistan ― Eýran halkara demir ýoly, Amyderýanyň üstünden geçýän häzirki zaman ýokary hilli awtomobil we demir ýol köprüleri, paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde Halkara howa menzilleri, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty we beýleki iri düzümler gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň içerki çäklerini birikdirýän Gündogar ― Günbatar ugurly Aşgabat ― Türkmenabat we Aşgabat ― Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň hem üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümini döwrebaplaşdyrmakda, ösdürmekde uly paýy bolar.  «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda, bu iri düzümiň üsti Garabogaz aýlagynyň üstünden häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli awtomobil köprüsiniň gurluşygyna badalga berdildi. Bu kölüsti köpriniň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen, ýurdumyza goňşulykdaky Gazagystan Respublikasynyň üsti bilen gelýän halkara ýükleri we ýolagçylary göni ýol arkaly Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we goňşy Eýran döwletine tiz geçirmäge mümkinçilik dörär.
    Agzalyp geçilen şular ýaly iri ýol-ulag düzümleriniň döredilmegi Türkmenistana daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde utgaşykly sebit hem-de sebitara logistika ulgamyny döretmäge, Merkezi Aziýany we Ýewropany, Hazar, Gara deňiz hem-de Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta hem-de Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän döwletara üstaşyr geçelgeleri kemala getirmäge mümkinçilik berer. Şeýle mümkinçikleriň döredilmegi bilen, ulag-üstaşyr amallaryň ýerine ýetirilmegine gatnaşýan, ýagny ýükleri we ýolagçylary iberýän, üstaşyr geçirýän we ahyrky kabul edýän ýurtlara ykdysady taýdan ýokary ösüş basgançaklaryna çykmaga giň şertler döreýär. Ilatyň iş orny bilen üpjünçilik meselelri hem oňyn çözülýär.
    Biz ýurdumyzy ynamly ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw edýäris.


    Aýlar JUMMİÝEWA
    Ýagşygeldi 
    Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň  talyby 

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir