Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Belent sarpanyň nyşany

  • 11.11.2022
  • Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iň ýakyn strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolan Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklar mazmun taýdan baýlaşyp, hil taýdan täze derejä çykýar. Türkmen we rus halklarynyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýar. Şu ýyl Garaşsyz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Iki döwletiň Baştutanlarynyň özara saparlarynyň onlarçasynyň amala aşyrylmagy hem-de halkara forumlaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn duşuşyklaryň ençemesiniň geçirilmegi türkmen-rus dostlukly gatnaşyklarynyň berkemegini şertlendirdi. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk has-da pa­jar­lap ös­ýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda dostlukly döwlet bilen gatnaşyklaryň täze sahypalary ýazylýar.Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça geçirilen forum dostlukly ýurtlaryň milli parlamentleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmekde, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça dostlukly ýurtda resmi saparda bolmagy hem ýurtlarymyzyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň binýadyny hasda berkitdi. Saparyň dowamynda hormatly Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti, ýurduň parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy hem-de Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda parlament diplomatiýasyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp bmaslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi saparyň iň möhüm netijeleriniň biri boldy. Hormatly Arkadagymyzy dostlukly ýurduň IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglamak dabarasy bolsa Russiýa Federasiýasy bilen doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarly bolan Watanymyza belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary häzirki döwürde ýokary derejede ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynda parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň ösüşinde parlament diplomatiýasynyň ähmiýetiniň artýandygynyň subutnamasydyr.


    Şamuhammet RAHMANBERDİÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir