Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ekologiýany we daşky gurşawy goramak

  • 09.11.2022
  • Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ekologiýany we daşky gurşawy goramak babatda alyp barýan işleri täze ösüş tapgyrlaryna aýak basýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, işiň ekologiki taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan edaralar, kärhanalar, şol sanda daşary ýurt ýuridik şahslary, olaryň şahamçalary we telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar üçin hökmany ekologiýa ätiýaçlandyrmasy girizilendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar. Şol sanda daşky gurşawa, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Daşky gurşawy goramak boýunça BMG-niň esasy Konwensiýalaryny tassyklan döwletimiz bu ugurda abraýly halkara guramalary bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan Hazar deňziniň abadançylygynyň üpjün edilmegi, Araly halas etmek meseleleri boýunça hem yzygiderli teklipler bilen çykyş edýär. Bu teklipleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagy we kabul edilmegi Türkmenistanyň ekologiýa babatda alyp barýan diplomatik işiniň üstünliklidigini görkezýär.Biz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzy halkara diplomatik gatnaşyklary ulgamynda geljekki üstünliklere alyp gitmekde hemişe üstünlik, Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris. 


    Güýç NUMATOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir