«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň her bir güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Munuň özi eziz Watanymyzyň nurana geljegi we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň halkara abraýynyň barha ýokarlanmagy üçin öňde goýlan syýasy, ykdysady we medeni-durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi tanalmaz derejede özgerýär. Ol möhüm syýasy hem ykdysady merkez hökmünde tanalýar we ösýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Aşgabat biziň Watanymyzyň ýüregidir, ýurdumyzyň baş şäheridir, şol ýerde täze başlangyçlar ýüze çykýar we amala aşyrylýar, möhüm döwlet çäreleri durmuşa geçirilýär» diýip belleýär. Ýurdumyzyň şäherleriniň her biriniň özboluşly gözelligi bar. Paýtagtymyz Aşgabat bolsa, şolardaky gözellikleriň ählisini özünde jemleýän şäher. Bu günki gün Aşgabat gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Ak mermere beslenen paýtagtymyzda gurulýan durmuş maksatly binalardyr beýleki dürli desgalar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýär. Häzirki wagtda Aşgabat dünýäniň iri we has ösen şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Paýtagtymyzda gurulýan desgalar gaýtalanmajak özboluşly sungat eseri hasaplanýar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde, eziz Diýarymyzyň baş şäherinde şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Ak mermerli Aşgabadyň birnäçe binalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gün-günden galkynýan Watanymyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, parahat we bagtyýar ýaşaýşy üpjün etmäge hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Goý, abadançylygyň röwşen gadamlary bilen galkynýan gözel paýtagtymyzyň şan-şöhraty has-da belende göterilsin! Aýdyň geljegi nazarlap, ynamly gadamlar bilen öňe barýan asuda, abadan döwletimizde eşretli eýýamly, döwletli-döwranly halkymyzyň ykbalyny täze röwşen zamanada, mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherimizi dünýä nusgalyk şähere öwürmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Süleýman ALLAMYRADOW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby