Türkmenistan diňe tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary bilen dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekmän, eýsem, Ýewraziýanyň strategik üstaşyr geçelgelerini üpjün etmek üçin döwrebap ulag düzümini amatly peýdalanmaga hem mümkinçilik döredýär. Türkmenistan yklymyň esasy ýollarynyň, Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşýär. Türkmenistandan birnäçe sebitlere, dünýä ummanyna çykalgalar bar. Ýurdumyz bu şertlerden oňaýly peýdalanyp, öz geografik ýagdaýyny halkymyzyň eşretli durmuşynyň bähbitlerine gönükdirmegi maksat edinýär. Türkmenistan ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmeýär, bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin netijeli çäreleri hem görýär. Ýewraziýa ulag geçelgelerini emele getirmek boýunça transkontinental taslamanyň çäklerinde dörän konsepsiýa Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky portlara çykalgany üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy deňiz portunyň bu halkara üstaşyr ulag ugry boýunça möhüm «deňiz derwezesi» bolup hyzmat etmäge uly mümkinçiliginiň bardygy bellenildi. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty barada aýratyn gürrüň etmek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys» diýşi ýaly, Türkmenistanda «Açyk gapylar» syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, goňşy döwletler bilen dostluk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Şol sanda Hazaryň hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde derejesini pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreler hem yzygiderli görülýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan polat we awtomobil ýollarynyň taslamalary, döwrebaplaşdyrylýan, täze gurulýan deňiz we howa menzilleri özara gatnaşyklaryň ygtybarly söwda-ykdysady köprüsini döretmäge gönükdirilendir. Gurulýan döwlet we halkara ähmiýetli awtomobil ýollarynyň möhümdigini aýratyn bellemeli, munuň özi Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ulag serişdeleriniň möçberiniň artmagyna, hyzmatyň hiliniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Gurluşygy dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Merkezi Aziýada iň döwrebap ýol taslamasy hasaplanýar. Häzirki döwre çenli awtobanyň birinji tapgyry, ýagny Aşgabat — Tejen bölegi çekilip, ikinji böleginiň gurluşygy alnyp barylýar. Awtomobil ýolunyň halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalara mynasyp bolmagy ýurdumyzyň dünýäniň logistika-aragatnaşyk ulgamyna ynamly we yzygiderli goşulýandygyny, ösen üstaşyr ulag düzümlerini döretmäge çynlakaý çemeleşýändigini ýene bir gezek tassyklady.
Agamerdan AGAJANOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby