Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Energetika pudagy ösüşlerde

  • 22.10.2022
  • Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, gurlan we gurulmagy meýilleşdirilýän ähli desgalar häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de ylmyň gazananlary esasynda enjamlaşdyrylýar, olary dolandyrmak işlerine sanly ulgam ornaşdyrylýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasy bilen alnyp barylýan energetika syýasatynyň-da üstünlikli durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýlelikde, döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde soňky ýyllarda elektroenergetika senagatynyň-da önümçilik kuwwatlyklary has-da ýokarlandy. Bu bolsa diňe bir içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän mukdaryny artdyrmaga hem mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz täze ösüşlere barýar. Bu ösüşlere energetika pudagy hem saldamly goşant goşmak bilen birlikde, mähriban Watanymyzy rowaçlykdan-rowaçlyga, üstünlikden-üstünlige alyp barýar. Türkmenistan döwletimiz energiýa serişdeleriniň gorlaryna örän baýdyr. Elektrik energiýasy önümçiligi dünýäde iň girdejili pudaklaryň biri hasaplanylýar. Şundan ugur alnyp, geljegi uly bu pudaga goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi hemişe artdyrylýar. Häzirki wagtda türkmen energetika senagaty depginli ösüş derejelerini görkezýär hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän elektroenergiýanyň eksportyny artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän Türkmenistany depginli senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we artdyrmak baradaky maksatnamany durmuşa geçirmekde elektroenergetika pudagyna möhüm orun berilýär. Eziz Watanymyzyň dürli sebitlerinde gysga döwürde kuwwatly elektrostansiýalaryň hem-de täze elektrik geçirijileriň gurulmagy netijesinde pudagyň ençeme esse artan kuwwaty ýurdumyzda her ýyl ulanmaga tabşyrylýan iri senagat toplumlaryny hem-de köp sanly durmuş desgalaryny elektroenergiýa bilen durnukly üpjün etmek bilen birlikde, ony goňşy döwletlere hem ibermäge mümkinçilik berýär.
       

    Kerimberdi ATAÝEW 
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ talyby
             
    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir