Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan döwletli işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üstünlikli dowam etdirýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň ulag ulgamyny geljek 30 ýylda ösdürmegiň hem ugurlary kesgitlenýär. Şoňa laýyklykda, orta möhletleýin döwürde milli ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolup duran ulag-logistik, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynyň kämilleşdirilmeginiň dowam etdirilmegi, dünýä ykdysady ulgamyna netijeli aralaşmagyň täze strategik ugurlarynyň kesgitlenmegi meýilleşdirilýär. Ulag-logistik ulgamy ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmegiň möhüm bölegi bolmak bilen, dünýäniň sebitlerini we yklymlaryny birleşdiriji güýje öwrülýär. Şunda ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşişini, mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmekde zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitler hem öňe sürülýär. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini çalt kemala getirmek babatynda, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça geljek ýyllarda ädiljek ädimler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl-de, eýsem, sebitiň we dünýäniň ösüşine-de goşmaça itergi berer. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalanmagy, ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmaty günsaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Milli Liderimiz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda ulaglaryň görnüşleri, dost-doganlyk ýollarynyň çekilmegi, olaryň häsiýetnamalary hakynda hem söhbet açmak bilen, dünýäde ulagyň ilkinji görnüşleriniň ýüze çykmagynda ata-babalarymyzyň bitiren hyzmatyna ýokary baha berýär. Kitapda bu barada şeýle ýazylýar: «Mundan müňlerçe ýyllar ozal öz bedewlerini kemala getirmek bilen ata-babalarymyz dünýäniň iň ýyndam ulagyny döredipdirler! Dünýäniň iň naýbaşy, iň kämil, iň amatly, iň rahat, iň gözel ulagyny!.. Şu günki dünýäde ýaşap, şu günüň ulaglaryndan, beýleki dürli tehnikalaryndan peýdalanmazlygyň mümkin däldigi hem düşnüklidir. Elbetde, bu eýýäm birneme başga gürrüň we şol bir wagtyň özünde bedew at bilen baglanyşykly ýaňky aýdanlarymdan gaty bir aýrybaşga gürrüň hem däl. Meniň ulaglara bolan bu garaýşym olaryň dürli görnüşlerini, welosipedden başlap, uçarlara çenli — ýerde, suwda, howada ýöreýän dürli ulaglary sürüp görmek, olary dolandyrmak başarnygyny kämilleşdirmek islegimi döredýär».
Merdan ANNAMYRADOW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby