Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Watanym, şöhratym, şanym Aşgabat

  • 16.10.2022
  • Berkarar  döwrüniň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe paýtagtymyzy ösdürmek, binagärlik taýdan gözelleşdirmek boýunça alnyp barylýan  işler aýratyn bellenmäge   mynasypdyr. Şonuň netijesinde Baş şäherimiziň  diňe bir  ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmekde  däl,  eýsem binagärlik  gözelligi babatdada  nusgalyk derejä eýe bolmagy  üpjün edilýär.
    Gahryman Arkadagymyzyň  taýsyz tagallasy bilen  bu gün ak şäherimiz Aşgabat  dünýäniň iň owadan  şäherleriniň birine öwrüldi. Göni we giň şa ýollar, ähli amatlyklary bolan  belent ýaşaýyş jaýlary,  seýilhähler, dürli binalar paýtagtymyza bezeg berýär. Şonuň üçinem ak şäherimiz Aşgabady gije-gündiz synladygyňça synlasyň gelýär. Ol gündizine  Gün nuruna şugla saçsa, gijelerine dürli yşyklary bilen lowurdaýar. Paýtagtymyza dürli binalaryň hem  bezeg berýändigini bellemek gerek.
    Şahyr aýtmyşlaýyn :”Aşgabat, Aşgabat, janym Aşgabat, Watanym, şöhratym, şanym Aşgabat!” ýaly şirin owazly halkymyzyň ýürekdäki aýdymyna öwrülen  Ak şäherimiz  bu günki gün tanalmaz derejede özgerdi. Häzirki döwürde  gözel Paýtagtymyzda  dürli maksatly döwletli desgalar toplumlaýyn gurulýar.
    Bu günki gün “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň her  güni ýatdan  çykmajak  üstünliklere, wakalara beslenýär.Täze ösüşlere, täze başlangyçlara, döretmek, gurmak hakyndaky  maksatlarymyza täze itergi, kalbymyza ruhy güýç berýär. Bu günki başyny başlap, hem durmuşa geçiýän  maksatnamalarymyz geljekki nesillerimiziň  haýsy ýol bilen gitjekdigini, olaryň ösüş uguny, ýaşaýyş-dumuş medeniýetini, döredijilik kuwwatyny kesgitleýär. Eziz Watanymyzda etirki günleriň bu günkiden  has gowy boljakdygyna  bolan mizemez ynam bizi täze dörediijilige ruhylandyrýar. 


    Muhammet AŞYROW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby
    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir