Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly, durmuşda ähli zat biri-biri bilen bagly. Parahatçylyk, gülläp ösüş, asuda asman, abadan durmuş ýaly düşünjeler bolçulygyň bagtyýar ýaşaýşyň açary hasaplanýar. Sebäbi bolçulyk üçin abadan durmuş, bagtyýar ýaşaýyş üçin bolsa parahatçylyk hem gülläp ösüş gerek. Biziň ýurdumyzda bularyň ikisi-de bar. Ilatyň bagtyýar ýaşaýşyny, ykdysadyýetiniň gülläp ösüşini üpjün edýän ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýy, tutýan orny, ýurdumyzda geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler ilatyň sanyna, ýaş düzümine hem täsirini ýetirýär. Ýaşaýyş üçin ähli amatlyklar döredilen, kämil saglygy goraýyş ulgamy bolan, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilýän, raýatlar hakynda ähli aladalar edilýän ýurtda adamlaryň ortaça ömrüniň dowamlylygy, çaga dogluşy artýar. Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen we yzygiderli durmuşa geçiren «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bu ugurda uly işler göz öňünde tutulandyr. Strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllara saglygy goraýyş ulgamy dünýä ölçegleriniň derejesine çykaryldy. Ýurdumyzda halka hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldildi we hili ep-esli ýokarlandyryldy. Munuň özi ugurdaş düzümleriň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy esasynda mümkin boldy. Olaryň üsti häzirki zaman, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezleri bilen yzygiderli ýetirilip durulýar. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda hem sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Göni wideoaragatnaşyk ulgamy keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak boýunça daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik döredýär. Ýeri gelende bellesek, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesini alan Arkadag şäheri jemgyýetçilik saglygyny goramak, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak babatda görülýän düýpli çäreleriň aýdyň görkezijisi boldy. «Akylly» şäherde bilim ulgamyna hem uly üns berilýär. Bu ýerdäki Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi ýaşlara saýlap alan hünärini öwrenmäge we ele almaga giň mümkinçilikleri döredýär. Ilatyň saglygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek üçin şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, Arkadag şäherinde köpugurly sport toplumy, sport merkezi, 10 müň orunlyk stadion guruldy. «Akylly» şäherde mümkinçiligi çäkli adamlar üçin hem ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulandygyny bellemek möhümdir. Durmuş ugurly syýasaty alyp barýan döwletimiz olara hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ene-atasyndan jyda düşen we aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaşajyk raýatlarymyz baradaky aladany baş maksat edinip, giň gerimli işleri amala aşyrýar. Gaznanyň ştab-kwartirasy Arkadag şäheriniň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynda ýerleşýär. Haýyr-sahawat gaznasyndan paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergi işleriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleri yzygiderli bölünip berilýär. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, ýurdumyz boýunça jemi 260 sany operasiýa geçirildi. Şol sanda ýürek-damar ulgamynyň bozulmalaryny we daýanç-hereket ediş ulgamynyň kesellerini bejermek üçin operasiýalar ýerine ýetirildi, şeýle-de beýleki bejeriş-anyklaýyş işleri alnyp baryldy. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary berildi. Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli şeýle ajaýyp işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Käkilik GELDİMYRADOWA Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby