Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ynsan saglygy ýurt baýlygy

  • 28.05.2023
  • Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde saglyk ulgamy görlüp-eşidilmedik derejede uly ösüşlere eýe boldy. Saglygy goraýyş edaralarynyň ähli görnüşleriniň dünýäniň iň öňdebaryjy, täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy, olaryň lukmançylyk enjamlarynyň dürli kysymlary bilen baýlaşdyrylmagy halka edilýän hyzmatyň hiline täsir edýär we Diýarymyzda adamlaryň baş saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygyny ýene bir gezek subut edýär. Nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakyndaky aladalar Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasyny düzýär. Ynsanyň saglygy we abadançylygy hakyndaky aladany mydama üns merkezinde saklaýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary derejedäki sporty ösdürmek meselelerine örän çynlakaý üns berlip, bu ugurda anyk, yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Bedew bady bilen ýagty geljege, eşretli durmuşa barýan ýurdumyzda ynsan saglygy ýurt baýlygy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde hassahanalary, dynç alyş zolaklaryny, şypahanalary döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň saglygyna howp salyp biläýjek wehimlere garşy göreşmek üçin ygtybarly binýat döredildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda täze ýiti ýokanç keselleriň aralaşmagyna garşy durmak üçin möhüm esas goýuldy. Umuman, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty durmuşa geçirilýär. Ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek bu günki baş wezipe hökmünde kesgitlendi. Bu asylly işleriň sakasynda bolsa hormatly Prezidentimiziň adam hakyndaky aladalary durandyr. Halkymyzyň saglygyny üpjün etmekde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň ähmiýeti uludyr. Bu kitap biziň her birimiz üçin ylmy gollanmadyr.


    Gaýrat ANNAÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir