Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Sagdyn we bag­tyýar durmuş

  • 10.04.2023
  • Berkarar döwletimiz häzirki wagtda ähli ugurlarda ynamly öňe ilerleýär. Bu babatda her bir ugra degişli döwlet maksatnamalary kabul edilip, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle maksatnamalaryň biri­de Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu maksatnamanyň çäginde ýurdu­myzy bagy­-bossanlyga öwürmek, raýatlarymyzyň saglygy üçin amatly ekologik howa gurşawyny döret­mek maksady bilen soňky ýyllarda 145 milliondan gowrak bag nahal­larynyň oturdylmagy diňe bir ýur­dumyz üçin däl, eýsem, sebit ähmi­ýetli asylly tutumlardyr. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyç­lary bu günki günde Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Bag ekmek arkaly ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalar raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek babatda­da örän ähmiýet­lidir. Çünki ynsanyň sagdyn we bag­tyýar durmuşda ýaşamagy üçin, ilkin­ji nobatda, arassa howa zerur bolup durýar. Muny alymlaryň gür baglyga bürenen ýerlerde ýaşaýan adamlaryň agaçlaryň az ýerinde ýaşaýanlara gara­nyňda, immun ulgamynyň has güýçli bolýandygy, özüni ruhubelent duýýandygy hem­de has az syrkawla­ýandygy baradaky kesgitlemeleri hem tassyklaýar. Şonuň üçin hem lukmanlar ynsanlara saglyklaryny berkitmek üçin gür baglaryň sergin saýalarynda, aras­sa howada gezelenç etmegi maslahat berýärler. Ýurdumyzy bagy­-bossanlyga öwür­mek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döret­mek babatda uly tagallalary durmu­şa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

    Eýýup ANNAMUHAMMEDOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir