Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli

  • 07.04.2023
  • Bütindünyä saglyk güni mynasybetli giňden yaybaňlandyrylyan dabaralaryň çäklerinde guralyan medeni-köpçülikleyin çärelerde, şol sanda welosipedli ýörişlerde ynsan saglygyny goramak babatda ýurdumyzda amala aşyrylan we dowam etdirilýän depginli işleriň waspy belentden ýetirilyär.
    Mälim bolşy ýaly, welosiped sürmek sagaldyjy bedenterbiýäniň bir görnüşi bolup, onuň bilen çagalar özüniň fiziki ösüşini gowulandyrýar, uly adamlar bolsa öz saglyklaryny berkidýärler. Welosiped sürmek adamyň saglygyna oñaýly täsir edýär. Adam Öz bedenini we immunitetini berkidýär, ahli myşsalar herekete gatnaşýar. Lukmanlaryň bellemeklerine görä, bedende madda çalşygy güyçlenýär, dem alyş çuñlaşýar we Öykeniň gaz çalşygy ýokarlanýar. Welosiped sürmegiň nerw dartgynlygyndan saplanmak üçin peýdasy örän uludyr. Welosiped sürlen wagtynda beden dokumalarynda kislorodyň köpelmegi bedendäki ýaglaryň okislenmegine we energiýanyň sarp edilmegine getirýär. Esasan hem, aýak myşsalaryna we oňurganyň bil bölümine agram düşýär. Bu bolsa myşsalaryň berkemegine, adamyň synasynyň owadanlaşmagyna hem-de osteohondroz, radikulit, newralgiya we warikoz keselleriniň öňüni almaga kömek edýär. Aýak myşsalaryna we bil oňurgasyna deňölçegli agram düşmegi diňe bir göwre durşunyň dogrulygyna täsir etmän, eýsem, ýöreýşiň ynamly we ýeňil bolmagyna getirýär. Türkmen sportuny ösdürmek üçin döwlet derejesinde edilýän işler hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygy barada edýän aladalarynyň biridir. Bu aladalar diňe bir köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ýokary netijeli sportuň halkara derejesinde ösmegini üpjün etmäge hem gönükdirilendir. Ildeşlerimiziň saglygynyň, bagtyýar ýaşamaklarynyň aladasyny edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-yurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

    Ýunus MEÝLİSOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir