Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Bütindünýä saglyk güni

  • 03.04.2023
  • Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde aprel aýy sportuň we sagdynlygyň aýyna bagyşlanýar. Saglyk – bu ynsanyň iň beýik bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Adam hakdaky alada ýugrulan giň ge­rimli işler soňky ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa ge­çirilýän oňyn özgertmeleriň diňe bir Türk­menistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdu­myzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi. Döwlet öz raýatlarynyň saglygy we abadançylygy hakynda alada edýär. Se­bäbi sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň özenidir. Daş-­töwerekde saglyga täsir edýän esasy üç zat — arassa suw, tämiz howa, ýokumly iýmit hasap edilýär. Aras­sa agyz suwy bilen halkymyzyň doly üp­jün edilmegi, ýylyň-­ýylyna millionlarça bag nahallarynyň oturdylmagy, gurulýan zawod­-fabrikleriň ekologiýanyň talaplary­na we kadalaryna laýyk gelmegi, öndüril­ýän önümleriň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmak ýaly oňyn çözülýän möhüm meseleler muňa mysal bolup biler.Bütindünýä saglygy goraýyş gurama­sy bilen bilelikde alnyp barylýan maksat­namalary durmuşa geçirmekde biziň ýur­dumyzyň goşýan goşandy bellenilmäge mynasypdyr. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we tem­mäki önümlerini ulanmagyň netijelerin­den goralmagy hakynda» Kanunyň kabul edilmeginiň hem­de temmäkä garşy göreşmek boýunça köpugurly maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini gazanmak bilen, ýurdumyz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna agza ýurtlaryň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýändigi ýokarda­ky aýdanlarymyzyň doly güwäsidir. 7-nji aprelde  Bütindünýä saglyk güni bellenýär. Bu gün Bütindünýä saglyk guramasynyň tertipnamasy güýje girizildi. Ol bar bolan döwründe dünýäniň 190 ýurdy, şol sanda biziň ýurdumyzy hem agza boldy. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli her ýyl paýtagty­myzda awtoulagsyz günleriň, welosipedli ýörişleriň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galky­nyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda mynasyp dowamyny tapýar. Goý, Arkadagly Serdarymyza milli saglygy gora­ýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmak babatdaky tagallalarynda üstünlik hemra bolsun!

    Ogulbaýram MERGENOWA
    Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir