Baky bagtyýarlygy baýdak edinýän eziz Diýarymyzda ynsan saglygy baradaky alada esasy meseleleriň özeninde durýar. Ynsan saglygyny gorap saklamak we halkyň bagtyýar geljegi ugrunda başy tutulýan beýik işler döwrümiziň buýsançly nyşanyna öwrüldi. Türkmen halky saglygy baş baýlygy hasaplap,”Saglygym-baş baýlygym” diýen atalar sözüni döredipdir. Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamzat nesli döräli bäri saglyk, sagdyn ýaşaýyş meseleleri ynsanlaryň üns merkezinde bolupdyr. Hut şonuň üçin-de nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky örän eserdeň garapdyr. Öz köklerini gadymyýetiň çuňluklylaryndan alyp gaýdýan sagdyn durmuş ýörelgesini ylmy esasda ösdürip, biziň günlerimize ýetiren pederlerimizden miras galan durmuş kada-kanunlary bar. Sport we bedenterbiýe sagdyn durmuş ýörelgesiniň gözbaşy hasaplanýar. Şonuň üçin hem köpçülikleýin sporty ösdürmek, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu babatda orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde netijeli işler alnyp barylýar, biz ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Sagdyn jemgyýet — bu ruhubelent we maksada okgunly adamlaryň jemgyýeti bolup, olar umumymilli maksatlaryň daşynda jebisleşýär. Şeýle sagdyn ruha eýe bolan jemgyýet özboluşlylygyny saklap, däp-dessurlaryna, gymmatlyklaryna ygrarlylygyny saklaýar hem-de oňyn özgertmelere açyk bolan öňdebaryjy täzelikleri höwes bilen kabul edýär.
Ýurdumyzda guralýan giň gerimli sport ýaryşlary Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Bu gün eziz Diýarymyzda döwrebap sport desgalary, halkara ulňülerine laýyk gelyän stadionlar, bedenterbiýe sagaldyş toplumlary gurlup, ulanmaga berilyär. Bu bolsa döwletimiziň ynsan saglygy hakynda edýän aladasyndan nyşandyr. Şeyle sazlaşyklar bolsa sagdyn hem ruhubelent jemgyýeti kemala getirýär. Biz döwletimiziň sportyny, sagdyn yaşaýşyny ösüşleriň täze basgançaklaryna çykarýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, işlerinde hemişe üstünlik arzuw edýäris.
Tyllagözel NURİÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby