Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Sagdyn bedende — sagdyn ruh

  • 09.02.2023
  • Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän we dag gerişlerinde gurlan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine geldi. Häzirki döwürde bu ýerde döwrebaplaşdyryş işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Paýtagtymyzda we sebitlerde iň täze enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap sport toplumlary, stadionlar, şypahana ulgamynyň binalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri guruldy, hereket edýän ugurdaş desgalar döwrebaplaşdyryldy. Ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Saglyk ýoly paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň söýgüli künjegine öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha meşhurlyga eýe bolýandygynyň, oňa eýerýänleriň sanynyň gün-günden artýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şunda Gahryman Arkadagymyz şahsy görelde görkezýär.
    Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmekde uly işleri bitirendigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinde işlän döwürlerinde “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyna uly goşant goşdy, “Sagdyn bedende — sagdyn ruh” şygary astynda bu ugra degişli giň möçberli özgertmeler amala aşyryldy, şeýle hem Köpetdagyň belent gerişlerinden Saglyk ýoly çekildi.
    Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde taryhy maglumatlaryň, degişli golýazmalaryň toplanyp, “Ruhnama” kitabynyň döredilendigini hem nygtamak zerur. Munuň özi şol wagtlarda saglygy goraýyş, ylym-bilim, medeniýet we sport ugurlarynyň döwrebap derejede ösdürilmegi, olaryň degişli maglumat binýadynyň döredilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilendiginiň aýdyň beýanydyr.
    Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmenistan —sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly ajaýyp kitabynda halkyň saglygy, aýratyn-da, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň sagdyn bedenli bolmaklary bilen baglanyşykly meseleler öz beýanyny tapdy. Kitapda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň ähmiýetine gönükdirilen lukmançylyk maslahatlarynyň bardygyny bellemeli.
    Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň ekologik ulgam bilen örän berk baglanyşyklydygyny nygtamak zerur. Häzirki döwürde dünýäde adamlaryň abadançylygynyň hem-de ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ekologik meselelere uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan bu wajyp wezipeleri çözmäge anyk goşant goşup, uzak geljek üçin niýetlenen, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goraýyş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirýär. Şunda alym Arkadagymyzyň şahsy goşandyny bellemek gerek. Hereket etmek, gezelenç etmek hem-de boş wagtyňy peýdaly, işjeň geçirmek üçin döredilýän şertler halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň ruhuny belende göterýär. Bu bolsa adamlaryň işjeňliginiň, olaryň zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyny üpjün edýän möhüm şertleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary halkymyzyň uly goldawyna hem-de halkara derejede giň ykrara eýe boldy.

    Arslan MUHYÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir