Watanymyzda ösüş-özgerişler, il-ýurt hem-de umumy adamzat bähbitli tutumly işler göwünleri galkyndyryp kalplary heýjana getirýär. Diýarymyzy sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurduna öwren ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar eden hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen işlenip taýýarlanylýan Saglyk Döwlet maksatnamasynyň esasynda her bir raýatyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilen uly möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Biziň ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Bu biziň Esasy Kanunymyzda – Konstitusiýamyzda berkidilen kadadyr. Adamlaryň saglygy goramak bolsa döwletimiziň baş aladasy. Bu Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly döwlet syýasatynyň özenini düzýän baş ugurdyr. Ynsan üçin saglykdan uly baýlyk ýokdur. Döwlet üçin bolsa raýatlaryň jan saglygy iň uly baýlyk. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, saglygy goraýyş ulgamynda hem uly öňegidişlikler gazanylýar. Ýurdumyzda döwrebap şypahanalar, sagaldyş merkezleri, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen gül diýarymyzda her bir raýat öz saglygyny berkitmäge, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giň mümkinçiliklere eýe bolýar. Saglygy berkitmek üçin hökmany suratda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Şonuň üçin hem her bir ene-ata öz çagalaryna gözegçilik etmelidir. Halkymyzyň saglygyny berkitmekde Gahryman Arkadagymyzyň “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar”, “Türkmenistan-melhemler mekany”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy-ensiklopedik eserleri deňsiz-taýsyz çeşme bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy-ensiklopedik eserinde dermanlyk ösümlikleri taýýarlaýanlara olaryň gurluşy, bitýän ýerleri himiki düzümi, ösüş şertleri, lukmançylyk tejribesinde peýdalanşy, saklamagyň düzgünleri barada giňişleýin maglumat berilýär we saglyk ulgamynda zähmet çekýän raýatlarymyza uly gollanma bolup hyzmat edýär. Ynsan saglygyny baş döwlet aladalarynyň biri hökmünde ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Rejepmuhammet NURMUHAMMEDOW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy