Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ynsan kalbynyň bakylyk owazy

  • 03.10.2022
  • Magtymguly Pyragynyň «Watan» diýen belent mukaddeslik söz ussadynyň döredijiliginiň içinden erişargaç bolup geçýär. Pederi Döwletmämmet Azadynyň edebi mirasynda «Watan» diýen temanyň giň mazmuna eýe bolmagy, «Wagzy-Azat» eserinde halkyň agzybirlikde ýaşap, bir döwlete gulluk etmegi hakyndaky pikirler Magtymgulynyň gymmaty egsilmejek eserleri döretmegine itergi beripdir.
    Pähimdar pederlerimiz «Towşana dogduk depe», «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan — ölinçä» diýen nakyllary döredipdirler. Çünki dogduk depäniň, göbek ganyň damyp, ata-babalaryň ruhy siňen topragyň ezizligini hiç bir zat bilen deňäp bolmaýar. Şonuň üçin beýik akyldaryň liriki gahrymany öz dogduk Diýaryndan sähel daşlaşsa-da, «Gözüm gaýra düşmez, köňül eglenmez» diýip, tutuş süňňi-durky bilen öz topragyna bolan söýgüsini zybanyna getirýär.
    Şahyryň döwlet galamynyň astyndan çykan «Türkmeniň», «Bar meniň», «Ili gözlär», «Gürgeniň», «Soňudagy», «Ýollara sary», «Zarlar içinde» ýaly islendik goşgusyny alsaňda, onda Hakyň nazar salan türkmen topragynyň gözelligini duýmak bolýar. Bu millilik, esasanda, Magtymgulynyň Watan hakyndaky goşgularynda jemlenýär. Şonuň üçin-de şahyryň Watan hakyndaky şygyrlary heňňamlar geçsede, ynsan kalbynda bakylyk owazy bolup ýaňlanýar.


    Çarygeldi AMANDURDYÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir