Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

TÜRKMENIŇ ALMAZ TÄJI

  • 07.01.2022
  • Milli  gymmatlyklarymyza, medeni hem­de edebi mirasymyza uly hormat goýýan we olary bütin dünýä ýaýmak ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň 2024­-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçmek baradaky başlangyçlary hem­de Köpetdagyň belent gerşinde akyldaryň ýadygärliginiň bina edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bir supranyň başyna jem bolan halkymyzyň kalbyny buýsanja besledi. Çünki Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda türkmeniň durmuş pelsepesini halka düşnükli dilde beýan edip, ýokary ahlak ýörelgeleriniň milli mekdebini kemala getiren beýik akyldardyr.
    Bu günki bagtyýar zamanamyzda Magtymguly Pyragynyň paýhas ummany, dürdäne döredijiligi her bir ynsan, aýratyn­da, ýaş nesil üçin nusgalyk ter­biýe mekdebidir. Akyldar atamyz öz döredijiliginde gaýratlylyk, sahawatlylyk, halallyk, päklik, lebzihalallyk, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri tekrarlaýar. Şahyryň şy­gyrlary ynsan durmuşyna ruhy güýç goşýar. Olarda öňe sürülýän pikirler durmuşymyzda ahlak ýoluny arçaýar. Magtymgulynyň döredijiliginden eriş­-argaç bolup ge­çýän, adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, oňa estetiki lezzet berýän eserler milli terbiýäniñ esaslaryny emele getirýâr.
    Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda milli ruh, milli duýgular ynsanyň adamkärçilik sypatlaryny kesgitleýär. Olarda mertlik, watançylyk, ar­namys­lylyk, tämizlik, kalby päklik, tebigata we janly-­jan­darlara söýgi, rehim­-şepagat bilen garaýyş, ula­-kiçä ýürekden hormat goýmak, wepadarlyk, hoşniýetlilik, mylaýymlyk, pähim­parasatlylyk, salykatlylyk, yn­sanperwerlik ýaly häsiýetler öňe sürülýär.
    Şahyryň döredijiliginde il-­günüň abatlygy, abadançylygy, rahatlygy, asudalygy watansöýüjilik ruhunda ýaňlanýar. Olarda gözellik, bagtyýarlyk, ýürege ýol salýan ýakymly duýgular jemlenendir. Pyragynyň şygyrlarynda beýik milletiň baky ýaşaýşynda gadymyýetiň ruhy gymmatlyklary, ruhy gözellikleri özüniň çuňňur mazmuny bi­len saklanyp galypdyr. Adamzat dünýäsi olary kalbynda, aňynda eşrepi ýaly saklap, şu günlere getirdi we röwşen geljege geçirýär.
    Magtymguly Pyragy şahyrana eserleri arkaly
    edermenlik, batyrlyk, gahrymançylyk, erkinlik ýaly asylly häsiýetleri hem­de ylymlaryň dürli durmuş kadalaryny çeperçilik bilen utgaşdyrýar. Şahyrana pelsepä ýugrulan ajaýyp eserleriň üsti bilen milli ruhuň we kämil terbiýe mekdebiniň şu günlere gelip ýetendigine bagtyýar eýýamyň nesilleriniň buýsanjy egsilmezdir. Dana şahyryň döredijilik gudraty adamzat jemgyýetinde ynsan gatnaşyklarynyň hereketde bolýandygyny, ýaşaýandygyny, dowamat dowamdygyny, milli watansöýüjiligiň esasy häsiýetdigini kesgitleýär. Şahyryň şygyrlarynda agzybirlik, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik hakynda dogru­çyllyk bilen şahyrana söhbet edilýär. Hut şoňa görä­de, nesilleri milli däplerimiziň çygrynda we ata­babalarymyzyň asylly ýol­ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň eserleri gymmatly hem­de juda ygtybarly çeşmedir.
    Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem­de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky­ pelsepe ­älemini,­ XVII­—­XIX­asyrlarda ­­türkmen­ durmuşyna­­ ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, şahyryň şygryýet dünýäsine halkara ylmy­edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek hemde beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede mynasyp bellemek maksady bilen gol çeken taryhy Karary we Köpetdagyň belent dag gerşinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň bina edilmegi türkmeniň milli buýsanjynyň täze belentliklere göterilýändigini alamatlandyrýar.
    Dörediji we öňdengörüji döwlet Baştutanymyz ajaýyp eserlerinde hem beýik söz ussadynyň şahyrana setirlerini giňden peýdalanmak bilen, şu günüň hem taryhyň paýhaslaryny bitewileşdirýär.

    Gurbansähet GURBANSÄHEDOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy
    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir